Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Çap edildi 05.02.2025
49

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň goranmak ukybyny ýokarlandyrmak babatda beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli açylyp ulanmaga berlen gulluk we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna hem-de türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz milli Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Baş prokuror B.Muhamedow ýurdumyzda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçiligi amala aşyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgamy has giňden ornaşdyrmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, prokuratura edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga zerur ähmiýet berilýändigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmagyň, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramagyň möhüm wezipe bolmagynda galýandygyny aýratyn belläp, Baş prokurora kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilmegine, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän işlere berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, kanun bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümleri öňdebaryjy tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, ýol hereketiniň, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, ministr Watan goragçylarynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň täze binalar toplumynyň, şeýle hem Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň binalarynyň nobatdaky tapgyrynyň, Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin 2 sany 4 gatly, 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň, welaýat Polisiýa müdirlikleriniň birliklerinde Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalarynyň açylyp ulanmaga berlendigi hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanunylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmegini, dürli hukuk bozulmalarynyň öňüniň alynmagyny Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz ilatyň arasynda ýol hereketiniň düzgünleriniň, ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmeginiň zerurdygy barada düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini aýtdy hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, hususan-da, milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işde sanly tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna, kazylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, kazyýet ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramagyň, kazyýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu düzümiň işgärleriniň öňünde durýan wezipeleriň örän jogapkärlidigini aýdyp, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Milli howpsuzlyk ministrligini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň dowamynda ministrligiň düzüminde açylyp ulanmaga berlen täze, döwrebap edara binasy we ýaşaýyş jaýlary barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, öňde goýlan wezipelere ünsi çekdi hem-de ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmek babatda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, ministre anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýylyň başyndan bäri Watanymyzyň mukaddes serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler, serhetçileriň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňyn şertleri döretmek babatda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet serhediniň goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk serhedidigini, ýurtlarymyzyň halklaryny köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz mukaddes serhedimiziň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi we degişli tabşyryklary berdi.

Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar aýynda milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Adalat ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň edara binalaryny gurmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, döwlet düzümleri tarapyndan işlenip taýýarlanylýan hukuk namalarynyň taslamalarynyň döwrüň talabyna laýyk bolmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belläp, ministre bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň edara binalaryny gurmak hakynda Karara gol çekdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça görlen çäreler, döwlet Baştutanymyzyň gullugyň işini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, serhetden geçýän harytlaryň we ýükleriň gözden geçirilişiniň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, barlag-geçiriş nokatlarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny belläp, degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň öňünde durýan möhüm wezipeleri netijeli çözmek babatda görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýat müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň täze edara binasynyň açylyp ulanmaga berlendigi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gullugyň ähli düzümleriniň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny, işgärleriň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyny, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
05.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
05.02
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisini kabul etdi
05.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.02
Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady
05.02
Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde adalat edaralarynyň täze edara binalary gurlar
05.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi bilen duşuşygy
04.02
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
04.02
Döwletiň we halkyň bähbidine durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen
04.02
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
03.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow