Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.01.2025
266

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly we yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, soňky ýyllarda onuň köp ulgamlary öz içine alýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, gyrgyz Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi. Prezident Sadyr Žaparow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berip, Gyrgyzystanyň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de, öz gezeginde, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Ýurtlarymyz halkara giňişlikde ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça, şol sanda dünýäde we sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa, suw meselesi ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gyrgyz tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Biz Gyrgyzystanyň şeýle garaýşyna, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek barada kabul edilen Kararnamany Gyrgyzystanyň goldandygyny aýratyn belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan hem, öz gezeginde, dostlukly ýurduň BMG-niň çägindäki halkara başlangyçlaryny, hususan-da, ekologik meseleler boýunça başlangyçlaryny goldaýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hyzmatdaşlygyň bu ugruna aýratyn ähmiýet berýär hem-de döwletleriň we halkara guramalaryň bu babatdaky tagallalarynyň, şol sanda buzluklaryň eremegi, dag ösüşi ýaly meseleleriň giň toplumynda tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Biz bu meseleleri BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly gün tertibine girizmek babatda Gyrgyzystanyň çemeleşmelerini goldaýarys diýip, Milli Liderimiz aýtdy. Türkmenistan sebitde tebigaty we ekologik gurşawy goramaga gönükdirilen çäreleri goldaýar. Munuň özi suw serişdelerini ýurtlarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň bähbidine rejeli hem deňagramly peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Er-Riýadda geçirilen “Bitewi suw” sammitinde Türkmenistanyň suw meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan edendigini aýdyp, ýurdumyzyň Gyrgyzystan bilen bilelikde bu meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Ekologik deňagramlylyk babatda aýdylanda, ýurdumyzyň ýakynda Gyrgyzystanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Dag barsynyň halkara gününi yglan etmek baradaky Kararnamasyny goldandygyna üns çekildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Munuň özi iri halkara guramanyň çäginde ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Hökümet, diplomatik, pudak edaralary derejesinde yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana amala aşyran sapary bilelikdäki hereketlere kuwwatly itergi berdi. Saparyň dowamynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek barada möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Taraplaryň tagallalary netijesinde bu ylalaşyklar durmuşa geçirilýär. Munuň özi iki ýurduň ykdysady ösüşine uly goşant goşýar, şeýle hem sebitdäki ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň energetika pudagyndaky özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlygyny belläp, türkmen tarapynyň ony mundan beýläk-de ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Söhbetdeşler türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň uly kuwwatynyň bardygyny aýdyp, bu kuwwaty iki ýurduň, tutuş sebitiň ösüşiniň bähbidine durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň Türkmenistan üçin möhüm wakalara beslenýändigine ünsi çekdi. 2025-nji ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýär, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça bu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýylyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy. Konsepsiýada Türkmenistanyň ählumumy we sebit ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarydyr çemeleşmeleri, ýurdumyzda, BMG-niň, beýleki halkara guramalaryň meýdançalarynda geçiriljek iri halkara çäreleriň meýilnamalary beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek foruma çagyryp, Sadyr Žaparowyň oňa gatnaşmagynyň bu çäräni üstünlikli geçirmäge möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Sadyr Žaparow, öz gezeginde, Milli Liderimizi islendik amatly wagtda Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow iki ýurduň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiklerini belläp, doganlyk halklara parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
29.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.01
Milli mirasy aýawly saklamak — mynasyp geljegi berkarar etmegiň möhüm şerti
28.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl Oba hojalyk toplumy
28.01
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
27.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
27.01
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
27.01
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi
27.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 21 müň dollaryndan gowrak boldy
27.01
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow