Hormatly Watan goragçylary!
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýram eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamy, belent sarpany, olar hakynda edilýän çuňňur aladany giňden dabaralandyrýar.
2025-nji ýylda halkymyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny uludan toýlaýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine daýanýan daşary syýasat strategiýasynyň özenini düzýän Bitaraplygymyzyň many-mazmunyny, ähmiýetini giňden wagyz etmäge gönükdirilen tutumly işler durmuşa geçiriler, dünýä jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemlejek halkara derejeli iri çärelere giň gerim berler. Taryhy jähetden wajyp ähmiýete eýe bolan şanly senäni mynasyp dabaralandyrmak maksady bilen, biz 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrdyk. Bu buýsançly şygarda parasatly pederlerimiziň parahatçylyk söýüjilik, raýdaşlyk, ynanyşmak, ynsanperwerlik ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Bu ýylda biziň öňümizde dünýäde parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmak ugrundaky tagallalary işjeňleşdirmek ýaly möhüm wezipeler durýar.
Eziz Watanymyzyň edermen ogullary!
Watan — bu şöhratly pederlerimiziň iň gymmatly mirasydyr. Onuň goragynda sak durmak her bir türkmen perzendi üçin mukaddes borçdur, belent mertebedir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýzünde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi bu borja jany-teni bilen berlen, ýurt goragyna ykbalyny baglan harby hünärmenleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýe boldy. Harby mekdebiň bu döwrebap binalar toplumy Watanymyzyň asudalygyny, abadan durmuşyny pugta goramaga hemişe taýýar edermen gerçekleri ýetişdirmek, bilimli-sowatly, harby hünäre wepaly nesilleri taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. Bu harby bilim ojagynyň kämil, ýokary taýýarlykly, watançy serkerdeleri ýetişdirmäge hem-de ýurt parahatçylygyny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşjakdygyna pugta ynanýaryn.
Merdana Watan goragçylary!
Siz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişden buýsançly gadamlar bilen geçip, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň goragynyň ygtybarly gollardadygyny, Oguz han, Baýram han, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar, Soltan Jelaleddin ýaly merdana gerçekleriň mynasyp nesilleridigiňizi dünýä äşgär etdiňiz. Siz geljekde-de Watany goramak borjuny ähli zatdan belentde tutup, harby ylmyň we sungatyň gazananlaryny birkemsiz özleşdirmelisiňiz, watansöýüjiligiňiz, harby kasama wepalylygyňyz bilen belent mertebä mynasyp bolmalysyňyz. Siziň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, döwletimiziň halkara derejede iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak ýaly belent borçlara wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa, bu mukaddeslikler üçin şirin janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.
Watanymyzyň wepaly ogullary!
Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda hereket edýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri Garaşsyz Watanymyzyň sarsmaz galasydyr, polat galkanydyr. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürdäki harby özgertmeleriň netijesinde, milli Ýaragly Güýçlerimiz kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün edilip, kuwwatly goşuna öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertleriniň gowulandyrylmagy hemişe üns merkezinde saklanylýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi, dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň, amala aşyrýan harby özgertmeleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galar.
Garaşsyz Türkmenistanyň merdana gerçekleri!
Sizi Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedow.