Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň haty
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň haty
Çap edildi 22.01.2025
1866

Onuň Alyhezreti, 

Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti 

jenap Emmanuel MAKRONA

Siziň Alyhezretiňiz!
Hormatly jenap Prezident!

Size şu hat bilen ýüzlenmek we Sizi hem-de Fransiýa Respublikasynyň dostlukly halkyny tüýs ýürekden mübäreklemek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwarynda knýaz maşgalasynyň çagyrmagy boýunça men Monako Knýazlygynda saparda boldum. Nissanyň Halkara howa menziline gelenimde, meni Fransiýanyň häkimiýetleri uly hormat bilen garşyladylar. Fransiýanyň sebitleriniň ýokary derejeli wekilleri meni we ýanymdaky wekiliýeti mähirli garşylap, hormat goýýandyklaryny we üns berýändiklerini görkezdiler. Muňa biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky mizemez dostlugyň hem-de pugta hyzmatdaşlygyň nyşany hökmünde baha berýärin. Şunuň bilen baglylykda, fransuz topragynda görkezilen myhmansöýerlik we berlen üns üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Munuň özi Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýete eýedigini görkezýär.

Biziň 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda «Bitewi suw» sammitiniň çäklerinde Er-Riýadda bolan duşuşygymyzy aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Şondaky netijeli pikir alyşmalar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini kesgitlemäge ýardam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Siziň ýurduňyz bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de gyşarnyksyz giňeltmäge, oňa täze itergi hem many-mazmun bermäge çalyşýandygyny we bu işe taýýardygyny tassyklamak isleýärin. Iki ýurduň özara gatnaşyklaryna mahsus bolan düşünişmegiň, ynanyşmagyň Türkmenistana we Fransiýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça netijeli gepleşikleri alyp barmaga mümkinçilik berýändigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlikleri gazanmak baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Sizi tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 

Soňky habarlar
23.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.01
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekillerini kabul etdi
23.01
Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili bilen duşuşygy
22.01
Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň täze strategiýalary
21.01
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
21.01
Ý.B.Nuryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.01
I.M.Ilamanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.01
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi
21.01
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
21.01
Türkmenistanda Çad Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow