Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 22.01.2025
59

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda özara bähbitlilik hem-de deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Telefon söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylda möhüm meseleler boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatynda düýpli pikir alyşmalar boldy. 

Türkmenistanyň we Gazagystanyň gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli toplumy boýunça okgunly we yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz bularyň köp babatda Gazagystanyň Baştutanynyň hyzmaty bolup durýandygyny belläp, Kasym-Žomart Tokaýewe iki doganlyk halkyň we döwletiň gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandy we yzygiderli ünsi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

Soňky wagtda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň has-da işjeňleşendigi kanagatlanma bilen bellenildi, munuň özi ykdysady, söwda, ynsanperwer we beýleki ugurlarda, şol sanda suw bilen bagly meseleler boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn binýat bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Er-Riýadda “Bitewi suw” atly Sammitde gazak Lideri bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şol Sammitdäki çykyşynda Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna garalanda üç ugra: halkara hukugynyň kadalarynyň berjaý edilmegine; sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleriniň özara hasaba alynmagyna; halkara guramalaryny, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasyny bu meselä gatnaşdyrmak ýörelgelerine eýerilmelidigini nygtandygyny ýatlatdy. Şu garaýyşlardan ugur alnyp Merkezi Aziýada suw meselelerini çözmek boýunça işleri bilelikde üstünlikli amala aşyryp boljakdygyna ynam bildirildi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Gazagystanyň ozalkysy ýaly, geljekde hem bu meselede berk we ylalaşylan çemeleşmä eýerjekdiklerine ynam bildirdi. 

Gahryman Arkadagymyz ekologiýa meselesine geçmek bilen, dostlukly döwletiň Baştutanyna Araly halas etmegiň Halkara Gaznasyna netijeli ýolbaşçylyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, geljek ýyllarda hem howa we ekologiýa gün tertibinde Gazagystanyň garaýyşlaryny Türkmenistanyň doly goldamagyny dowam etjekdigini belledi. 

Gahryman Arkadagymyz söhbetdeşligiň barşynda 14-nji ýanwarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon söhbetdeşligini geçirendigini habar berdi. 

– Bu örän netijeli we manyly söhbetdeşlik boldy. Onda biz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy bilen yglan edilen 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga berdik -- diýip, Halk Maslahatyň Başlygy aýtdy. 

Bellenilişi ýaly, iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň bu kararnamanyň başyny başlaýjy hökmünde geljek döwürde halkara bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň esasy we ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. 

Söhbetdeşler türkmen-gazagystan gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap, energetika, ulag-aragatnaşyk we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar. 

Şu maksat bilen iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda tiz wagtda geňeşmeleri geçirmegiň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtlarda şeýle geňeşmeleri Astanada guramak hem-de Gazagystan tarapy bilen bu meseläniň ylalaşylan ýagdaýynda iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Gazagystanyň paýtagtyna Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny ibermek baradaky teklip beýan edildi. 

Söhbetdeşligiň dowamynda sebit hyzmatdaşlygy hem-de bäştaraplaýyn görnüşde geçiriljek çäreler bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. 

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew birek-biregi Täze ýyl bilen ýene bir gezek gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdiler. 

Soňky habarlar
22.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
22.01
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.01
Türkmenistanda Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
21.01
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
21.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
21.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary
21.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY
21.01
Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty barha belende göterilýär
20.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
20.01
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow