Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
Çap edildi 07.01.2025
2556

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşady kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Saud Arabystanynyň Türkmenistan bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, onuň Türkmenistana ilkinji saparynyň ýurtlarymyzyň maliýe we ykdysady ulgamdaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan dünýä ýurtlary we abraýly halkara maliýe guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Saud ösüş gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi.

Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda bu gazna bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär. Geçen döwrüň içinde gazna ýurdumyzda amala aşyrylan birnäçe milli we halkara ähmiýetli iri taslamalary maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşdy. Saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, maliýe ulgamlaryndaky taslamalar munuň aýdyň mysalydyr. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi diňe olara gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem, sebit ýurtlarynyň halklarynyň bähbidine hem hyzmat edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de Türkmenistan bilen Saud ösüş gaznasynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berýän goldawy üçin myhmana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklady.

Myhman hyzmatdaşlygyň çäklerinde Saud ösüş gaznasynyň saglygy goraýyş we ulag ulgamlarynda birnäçe taslamalary maliýeleşdirmek işine gatnaşýandygyna örän şatdygyny hem-de okgunly ösýän, geljegi uly türkmen bazarynyň maýa goýum babatda özüne çekijiliginiň aýratyn gyzyklanma döredýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşad birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

***

Şu gün Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine garaldy we Türkmenistanyň Hökümeti bilen Saud ösüş gaznasynyň arasynda degişli resminama gol çekildi.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow