Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 02.01.2025
294

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

General Min Aun Hlaýng,

Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Döwlet dolandyryş Geňeşiniň Başlygy, 

Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Size we ýakynlaryňyza täze ýylda bagtyýarlyk, berk jan saglyk hem-de abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan edýärin. Goý, 2025-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda dostluk we hyzmatdaşlyk has-da pugtalansyn!

Asad Majid Han,

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Sekretariatynyň adyndan hem-de öz adymdan ýetip gelen täze, 2025-nji ýyl bilen gutlamaga rugsat ediň! Täze ýylda Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, agzybir hem-de jebis türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de ösdürmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak ugrunda alyp barýan il bähbitli, tutuş adamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Hormatly jenap Prezident!

Siziň öňdengörüjilikli başlangyçlaryňyz bilen TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyl “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, Änew şäheri bolsa “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. TÜRKSOÝ-nyň Sekretariaty hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde şu ýyl üçin meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine beren hemaýat-goldawlaryňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirmäge rugsat ediň! Siziň çäksiz goldawlaryňyz türki dünýäni has-da jebisleşdirmek, belent ynsanperwer maksatlara ýetmek boýunça bilelikdäki tagallalarymyzy işjeňleşdirmäge itergi berýär.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, uzak ömür, dünýä halklarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tutumly başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Size belent sarpa goýmak bilen,

Sultan Raýew,

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi täze, 2025-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli başlangyçlaryňyzyň üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Bakytžan Sagintaýew,

Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

2024-nji ýyl dürli ulgamlarda adamzadyň ýeten ýokary sepgitleri bilen tapawutlandy. Täze ýyl baýramynyň bellenilýän gününde biz Beýik Biribaryň ahlak taýdan kämilleşmek we ösmek üçin bize eçilen ýagşylyklaryna alkyş aýdýarys.

Rus prawoslaw buthanasynyň döwlet häkimiýet edaralary, şeýle hem hoşniýetli ähli jemgyýetçilik düzümleri bilen döwürdeşlerimiziň durmuşynda däp bolan ruhy-ahlak gymmatlyklary berkarar etmegiň, parahatçylygyň, adalatlylygyň ýollaryny gözlemegiň hatyrasyna dialogyň we netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine umyt baglaýaryn.

Size berk jan saglyk, Beýik Biribaryň medet bermegini, işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kirill,

Moskwanyň we Bütin Rusuň Patriarhy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Size belent hormat goýýandygym baradaky tüýs ýürekden ynandyrmalarymy hem-de Täze ýyl mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň! Goý, 2025-nji ýylda Siziň Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan asylly işleriňiz üstünliklere beslensin!

Siziň ýurduňyz Astrahan oblastynyň ýakyn dosty, hoşniýetli goňşusy we ygtybarly hyzmatdaşydyr. Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda hemaýat-goldawyňyza ýokary baha berýärin.

Size we ähli türkmenistanlylara täze ýylda berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, ähli işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Igor Babuşkin,

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan Ýewropanyň we dünýäniň köp ýurtlary, şol sanda Awstriýa bilen biziň yklymymyzda howpsuzlygyň, durnuklylygyň, ösüşiň berkarar edilmeginiň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ruhundaky gatnaşyklary okgunly ösdürýär.

Ýetip gelen, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl Türkmenistan bilen Awstriýa üçin şanly senelere — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Awstriýanyň Bitaraplygynyň 70 ýyllygyna beslener.

Şu ýerde öz goşgymdan birnäçe setirleri getirmek isleýärin:

30 ýyl — bu onýyllyklar,

30 ýyl — bu gujur-gaýrat,

30 ýyl — bu parasatlylyk we hereket,

30 ýyl — bu Ýer ýüzünde parahatçylyk we bagtyýarlyk.

Size ähli derejedäki syýasy meýilnamalaryňyzyň, senagat, energetika, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamlarda giň möçberli taslamalaryňyzyň amala aşyrylmagynda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Size berk jan saglyk, türkmen halkyna hem-de eý görýän Türkmenistanyma ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Wena şäherinden iň gowy arzuwlar bilen,

Neda Berger,

Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze, 2025-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Goý, bu ýyl täze sepgitlere we olary durmuşa geçirmek üçin mümkinçiliklere, üstünliklere, şanly wakalara baý ýyl bolsun!

Size we ýakynlaryňyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Oleg Storçewoý,

Döwletara awiasiýa komitetiniň başlygy.

Soňky habarlar
03.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.01
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.01
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
02.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.01
«Asyrlaryň yzlary» halkara ylmy ýygyndysynyň ikinji neşiri
01.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.01
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary
01.01
Türkmen halky 2025-nji ýyly uly ynam bilen garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
top-arrow