Çuňňur hormatlanylýan
Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi beýik ösüşler, belent maksatlar bilen ruhubelentlikde garşylanylýan täze ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegi, türkmen halkynyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilen ägirt uly işleriň netijesinde Siziň tagallalaryňyz bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň Ýer ýüzünde barha belende göterilýändigine, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygyna aýdyň göz ýetirdik. Tamamlanan 2024-nji ýylyň wakalary döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilen uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygynyň, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändiginiň anyk güwäsine öwrüldi.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenen şanly ýylda Diýarymyzyň çar künjeginde ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginde dowam etdirilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Siziň baştutanlygyňyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýän bu şanly wakalar durmuşymyzyň, döwrümiziň bezegine öwrüldi.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri mukaddes Garaşsyzlygymyzdan, baky Bitaraplygymyzdan gözbaş alýar. Bu gün ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine daýanýan içeri we daşary syýasatymyzda gazanýan üstünliklerimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan belent ykrarnama mynasyp bolmagy ata Watanymyzyň alyp barýan ynsanperwer işleriniň dünýä derejesinde ähmiýetlidiginden habar berýär. Bu işler ähli halklaryň bähbidine hyzmat etmek bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýar. Munuň özi döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň biziň gazanýan ähli üstünliklerimiziň, ýeňişlerimiziň binýady bolup durýandygyny görkezýär.
Siziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris» diýen sözleriňiz we täze taryhy döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler her bir türkmeniň başyny göge ýetirýär. Watanymyzyň çar künjeginde gurulýan binalar toplumlary, döwrebap şäherler we obalar, amala aşyrylýan şähergurluşyk taslamalary döwletimiziň kuwwatynyň uludygyna şaýatlyk edýär. Olarda türkmen halkynyň döredijilik ruhy hem-de okgunly ylmy-tehniki ösüş, şeýle hem Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgäňiziň durmuşa geçirilmegi öz aýdyň beýanyny tapýar.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany biragyzdan kabul etmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige, özara düşünişmäge esaslanýan daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy biziň başlangyjymyz bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Munuň özi Siziň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatyňyzyň barha dabaralanýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi ýetip gelen täze — 2025-nji ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.