Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Çap edildi 30.12.2024
2374

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň Alyhezretiňiz, maňa Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň gowşurylmagy we Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryňyz, hoşniýetli arzuwlaryňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin! Meniň iki doganlyk halkyň arasyndaky medeni we dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmäge goşan ujypsyz goşandymy ykrar edip, Siziň iberen hatyňyzy almak meniň üçin örän uly hormatdyr.

Hormatly Prezidentler Şawkat Mirziýoýewiň we Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dostlukly halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky ýyllarda özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýändigi barada Siziň aýdan sözleriňize doly goşulýaryn. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňiz bilen Onuň Alyhezreti, Özbegistan Respublikasynyň Baştutany Şawkat Miromonowiçiň arasynda ýola goýlan hakyky ýakyn dostlukly gatnaşyklaryň, yzygiderli, netijeli we açyk dialogyň biziň köpugurly, uzak möhletli hyzmatdaşlygymyzy hil taýdan täze derejä çykarmakda aýgytly şert bolup hyzmat edýändigini aýratyn bellemäge rugsat ediň!

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siz türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň at-abraýyny belende götermek bilen, edebiýaty we bilimi döwlet syýasaty derejesine çykardyňyz, olary halkara gatnaşyklarda parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly dialogyň guralyna öwürdiňiz. Bu bolsa, elbetde, dünýä bileleşiginiň ýokary ykrarnamasyna eýe bolýar.

Beýik akyldaryň edebi dürdäneleri diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň hem medeniýetini baýlaşdyran gymmatly mirasdyr. Onuň hiç haçan ähmiýetini ýitirmejek döredijiligini giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan sahawatly iş bizde hemişe uly buýsanç duýgusyny döreder. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli aýratyn Kararyň kabul edilmegi we şu ýyl Özbegistanda köp sanly dabaraly çäreleriň geçirilmegi şahyryň beýik şahsyýetine hem, doganlyk türkmen halkyna, onuň ebedi däp-dessurlaryna, medeniýetine we sungatyna hem goýulýan çuňňur hormatyň aýdyň güwäsi bolup durýar. Men köpugurly gatnaşyklarymyzy okgunly ösdürmäge gönükdirilen möhüm tabşyryklary hem-de wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli gujur-gaýratymy gaýgyrman işlemäge taýýardyryn.

Mümkinçilikden peýdalanyp, iberen sowgadyňyz — mukaddes Käbä zyýaratyňyzdan getiren tesbiňiz üçin Size aýratyn hoşallyk bildirmek isleýärin we Beýik Biribardan Siziň haj zyýaratyňyzy kabul etmegini dileýärin.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa durnukly ösüş, parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Abdulaziz Kamilow,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili.

Soňky habarlar
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
03.07
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
03.07
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
03.07
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
02.07
Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy
02.07
Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.07
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow