Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
Jemgyýet
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
Çap edildi 18.12.2024
3564

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň çuň many-mazmunly bu eseri durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna bagyşlanýar.

Geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan we türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin möhüm gollanma öwrülen bu kitap daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Munuň özi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşinde nobatdaky möhüm ähmiýetli waka boldy. Şeýle hem bu ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlykda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseri terjime edildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby şu ýylyň ýanwarynda ýapon dilinde çapdan çykdy.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä paýtagtymyza sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary-da çagyryldy. Ozal habar berlişi ýaly, paýtagtymyzda degişli komitetiň 15-nji mejlisi geçirildi.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, özara hoşniýetli erk-islegiň netijesinde döwletara dialog täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ynsanperwer ulgam däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde çykyş edýär. Şunda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesi we uly mümkinçilikleri bar. Şunuň bilen baglylykda, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyň ýapon dilindäki neşiri «Günüň dogýan ýurdunyň» okyjylaryna ýaş nesil hakyndaky hemmetaraplaýyn aladalara aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berer. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji kitabynyň hut şu ugra bagyşlanmagy Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlar baradaky edilýän tagallalaryň aýdyň görkezijisidir.

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Olaryň döwrebap bilim almaklaryna, saýlap alan kärlerine eýe bolmaklaryna, ylmy işleri alyp barmaklaryna, aň-paýhas ösüşine, döredijilik başarnyklaryny durmuşa geçirmeklerine, sport bilen meşgullanmaklaryna uly ähmiýet berilýär. Degişli ugurdaky kanunçylyk-hukuk binýady, kabul edilen maksatnamalar hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli işlerde dowamat tapýar. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak bilen, türkmen ýaşlary häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Watanymyza dünýäde mynasyp wekilçilik edip, halkara hyzmatdaşlyga giňden çekilýär. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» kabul edildi.

Çykyşlarda bilim ulgamynda soňky ýyllarda täze ösüşe we mazmuna eýe bolýan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň öňdebaryjy bilim ojaklarynyň arasynda ýola goýlan ýakyn gatnaşyklar muňa aýdyň mysaldyr. Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň käbirinde ýapon diliniň öwredilýändigi bellärliklidir.

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitap ýaşlara bilim we terbiýe bermek nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ol ýaponiýaly okyjylara halkymyzyň ýaş nesli terbiýelemek babatdaky asylly däpleri bilen tanyşmaga-da ýardam eder. Bu terbiýe mekdebinde watançylyk, ynsanperwerlik, belent ruhy-ahlak gymmatlyklary esas goýujy şert bolup çykyş edýär.

Dabara gatnaşyjylar bu ajaýyp eseriň ýaş nesilleriň häzirki dünýäde, şeýle hem kuwwatly we gülläp ösýän döwleti gurmakda eýeleýän ornuna göz ýetirmekde saldamly goşantdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
07.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary
07.12
Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi
06.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
06.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.12
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.12
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
06.12
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara gol çekdi
06.12
Hormatly Prezidentimiz iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
top-arrow