Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary
Jemgyýet
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary
Çap edildi 14.12.2024
777

Şu gün ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giň gerimde bellenildi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynyň mejlisler zalynda baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pudagyň işgärlerine iberen Gutlagyny uly höwes bilen diňlediler. Gutlagda nebitçileriň, gazçylaryň we geologlaryň yhlasly, tutanýerli zähmeti netijesinde ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy, pudakda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň esasynda ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny berkidýändigi bellenilýär. Bu ugurda halkara derejedäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen, uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, halkymyzyň eşretli durmuşyna, geljek nesillerimiziň hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň abadançylygyna hyzmat etmegini gazanmak babatda öňde möhüm wezipeler durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlyk eden döwründe, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi we türkmen mawy ýangyjy dünýäniň ykdysady taýdan okgunly ösýän sebitine akdyrylyp başlandy. Taryha altyn harplar bilen ýazylan şol senäniň ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde bellenilmegi özboluşly many-mazmuna eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.

Çykyş edenler häzirki döwürde türkmen energiýa serişdelerine bildirilýän islegiň barha artýandygyny, şoňa görä-de, dünýä belli kompaniýalaryň we maliýe düzümleriniň bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandyklaryny bellediler. Türkmenistanyň tebigy gazyň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek strategiýasy uglewodorod serişdelerini çykarmak mümkinçilikleriniň artdyrylmagyndan ugur alýar. Ýurdumyzda tebigy gazyň gaýtadan işlenilmegine, dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleriň öndürilmegine uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap gazhimiýa toplumlary gurlup ulanmaga berilýär.

Çykyşlarda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, pudakda önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmagyň göz öňünde tutulýandygy nygtaldy. Ýakynda «Galkynyş» gaz känindäki ulanyş guýularyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli täze akymynyň alynmagy we ýurdumyzyň çägindäki beýleki nebitgazly ýataklaryň üstünlikli özleşdirilmegi bu ugurdaky işleriň ýokary depginde alnyp barylýandygyny görkezýär.

Dabaranyň dowamynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli, zähmetde aýratyn tapawutlanan nebitçilere, gazçylara, geologlara we ýangyç-energetika toplumynyň beýleki işgärlerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňra “Nebitgaz baýlygym, hazyna-genjim,//Waspyň etsin diller, saňa buýsanjym” hem-de “Ruhy dünýämiziň sönmez çyragy,//Ýürekleriň buýsanjy dana Pyragy” ady bilen geçirilen bäsleşikleriň ýeňijilerini Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşikler “Türkmengaz” döwlet konserniniň we “Nebit-gaz” gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň nebitgaz senagaty pudagynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi bilen bilelikde yglan etmeginde iň gowy hekaýalar, oçerkler, makalalar we fotoreportažlar ugurlary boýunça yglan edilipdi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde hünär baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert geçirildi.

Soňky habarlar
17.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 59 million 651 müň dollaryndan gowrak boldy
17.03
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.03
Halkyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr
16.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
16.03
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
15.03
A.Öwezow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi
15.03
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
15.03
Türkmenistan — ÝUNISEF: uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär
15.03
Ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada — döwletiň we jemgyýetiň ileri tutulýan wezipesi
top-arrow