Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 13.12.2024
1840

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti jenap 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Özbegistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrmak, şeýle hem strategik hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, men halkara işlerde uly tejribesi bolan jenap Rawşanbek Alimowy Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Biziň wekilimiziň doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly, uzak möhletleýin, özara bähbitli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynanýaryn. Jenap Rawşanbek Alimowyň üstüne ýüklenen jogapkärli wezipäni Siziň makullamagyňyza we hormatyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine berk ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ilçimizi kabul etmegiňizi, oňa diplomatik işinde hemmetaraplaýyn goldaw bermegiňizi hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň we Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowy kabul etdi. Ol hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ol Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, iki ýurduň halklarynyň umumy ruhy, medeni-taryhy gymmatlyklary arkaly baglanyşýan Özbegistana wekilçilik etmegiň özi üçin uly mertebedigini aýtdy. Diplomat pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamyny beýan edip, ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we özara hormat goýmak, ynanyşmak häsiýetine eýe bolan köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek bilen bagly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. “Biz wagtyň synagyndan geçen iň ýakyn goňşymyz bilen gatnaşyklara ýokary baha berýäris, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik taýdan ileri tutulýan ugrudyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we diplomat ikitaraplaýyn görnüşde, iri sebit we halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigi aýdyldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barha okgunly häsiýete eýe bolýar. Munuň özi yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklaryň we özara saparlaryň netijesinde uzak bolmadyk döwrüň dowamynda biziň ýurtlarymyza syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hil taýdan täze derejä çykmaga mümkinçilik berdi. Köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady ugra aýratyn orun degişlidir. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy okgunly ösüş häsiýetine eýe bolup, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk ulgamlarynda özara gatnaşyklar giňeldilýär. Şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara dialogyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenildi. Munuň özi türkmen we özbek halklarynyň taryhy taýdan emele gelen medeni kökleriniň, ruhy gymmatlyklarynyň, köpasyrlyk ýörelgeleriniň umumylygy bilen şertlendirilendir.

Duşuşygyň ahyrynda Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
top-arrow