Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Daniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Daniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 10.12.2024
1546

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Jenap Prezident!

Daniýa Patyşalygy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Ýesper Wary — Dannebrog ordeniniň birinji derejeli rysaryny Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Waryň ýokary şahsy häsiýetleri onuň öz üstüne ýüklenilen wezipäni Siziň makullamagyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şeýle ynam bilen, ilçini hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Siziň dostuňyz,

FREDERIK X,
Daniýanyň Patyşasy.

 ***

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýesper Wardan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.

Hoşniýetli arzuwlar we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Daniýa Patyşalygynyň doly ygtyýarly wekili dostlukly ýurduň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny hem-de ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi döwlet Baştutanymyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde daşary ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek bu syýasatyň möhüm ugrudyr. Diplomata okgunly durmuş-ykdysady ösüşi, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýän düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň kanunçylyk binýadyny üpjün etmek babatda Mejlisiň alyp barýan işi barada gürrüň berildi. Dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, hukuk giňişligine işjeň goşulyşmak bilen, Türkmenistan demokratik institutlaryň ösdürilmegine, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, onuň umumy kabul edilen halkara hukuk kadalaryna laýyk getirilmegine aýratyn üns berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Daniýa Patyşalygynyň ilçisi ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda parlament derejesinde, iri halkara guramalaryň ugry boýunça, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda yzygiderli ösdürilýän dialogyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine ýokary baha berdi.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Ýesper War iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän hoşniýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek babatda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňky habarlar
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
top-arrow