Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Estoniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Estoniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 09.12.2024
1507

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýaap Oradan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde we Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Estoniýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de iki ýurduň halklarynyň rowaçlygynyň bähbidine türkmen-eston hyzmatdaşlygyny ösdürmekde diplomatik tejribelerini, bilimlerini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda diplomat Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçirilen duşuşygyň çäklerinde deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleriniň binýadynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlardaky meseleleri boýunça özara pikir alşyldy. Ilçi türkmen parlamentiniň düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen hem tanyşdyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi Estoniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi babatda zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Jenap Prezident!

Estoniýa bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Ýaap Orany Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Ýaap Oranyň öz üstüne ýüklenilen wezipe borçlaryny ýerine ýetireninde görkezen şahsy ukyp-başarnyklary hem-de tutanýerliligi onuň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrundaky tagallalarynyň Siziň makullamagyňyza hem-de hormat goýmagyňyza mynasyp boljakdygyna ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ilçini hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan we Estoniýa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Size belent hormat goýýandygym we Türkmenistanyň halkyna rowaçlyk baradaky ynandyrmalarymy beýan etmek isleýärin.

Alar Karis,

Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow