Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi
Syýasy habarlar
«Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi
Çap edildi 06.12.2024
2165

Şu gün Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Birleşen Milletler Guramasy bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Uzak ýyllaryň dowamynda bu abraýly halkara guramanyň agentlikleri hem-de düzümleýin edaralary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uzak möhletli, strategik hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. Bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek we utgaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldaw bermegi esasynda şu ýylyň martynda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi. Geňeş däp bolan dialogy giňeltmäge gönükdirilen täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Şu gezekki mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryň we degişli resminamalaryň taslamalary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şolaryň hatarynda “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy”; «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly BMG-niň agentlikleriniň bilelikdäki maksatnamasy; bilim, saglygy goraýyş, “ýaşyl” energetika we sanlylaşdyrma ugurlary boýunça BMG-niň Türkmenistandaky düzüm birlikleriniň bilelikdäki maksatnamalary bar. Şeýle hem BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksady bilen, bu guramanyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy tarapyndan ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasy» tassyklanyldy.

BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezi, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen bagly Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, şol sanda zerur maglumatlary alyşmak baradaky meseleler mejlisiň gün tertibine girizilen möhüm mowzuklar boldy. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy we Çagalar gaznasy tarapyndan taýýarlanylýan hasabatlary ýurdumyzda durnukly ösüşde ýetilen sepgitler baradaky maglumat bilen üpjün etmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Geljekki işleriň ileri tutulýan ugurlary hem-de ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda meýilleşdirilýän çäreler baradaky pikir alyşmalaryň barşynda BMG-niň wekilleri ynanyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda alyp barýan giň gerimli işleri, netijeli çemeleşmeleri üçin türkmen tarapyna çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Mejlise gatnaşyjylar ýurdumyzyň dünýäde ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede amala aşyrýandygyny belläp, Türkmenistanyň şeýle başlangyçly ornunyň geljekde-de bu maksatlara ýetmekde möhüm ähmiýeti boljak bilelikdäki täze taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
11.11
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
11.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
11.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki çykyşy
11.11
Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
top-arrow