Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 06.12.2024
2574

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny iberdi.

“Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Gyrgyzystan döwlet gurluşyny berkitmekde, halkara giňişlikdäki abraýyny artdyrmakda we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýlip, hatda nygtalýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha bermek bilen, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde Sadyr Žaparowyň uly şahsy goşandyny aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
16.11
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryna hem-de Ýaşlar baýragynyň eýelerine
15.11
Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitleri nazarlaýar
14.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
top-arrow