Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy
Çap edildi 30.11.2024
1655

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýa iş saparynyň çäklerinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de nobatdaky mejlisiň dowamynda Milli Liderimiziň öňe süren teklipleriniň ähmiýetini belledi. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň işini ilerletmäge, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, B.Ýyldyrym Gahryman Arkadagymyza Aksakgallar geňeşiniň işine işjeň gatnaşýandygy hem-de doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly goşant goşýandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk ýurduň Baştutanyna öz adyndan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasynyň iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini we häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejede alnyp barylýandygyny belledi. Hormatly Arkadagymyz türki döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy.

Aksakgallar geňeşiniň başlygy türki döwletleriň medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary barada aýdyp, TÜRKSOÝ tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara çäreleriň ýokary derejede geçirilendigini belledi. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana “Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň dakylmagynyň we “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagynyň onuň iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlarynyň ykrarnamasy bolandygy nygtaldy.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini, halklarymyzyň dil, medeniýet we ruhy taýdan umumylygynyň döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
16.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 mil­lion dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy
15.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
14.03
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdiler
14.03
Ynsanperwer ýörelgeleri dowam etdirip
13.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.03
Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
13.03
“Türkmennebit” döwlet konsernine maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
13.03
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 21-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi
13.03
Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer ýüküni ibermek bellenildi
12.03
Türkmenistanyň himiýa senagaty: ösüşiň we eksportyň täze ugurlary
top-arrow