Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň başlangyçlary halkara ykrarnama eýe bolýar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň başlangyçlary halkara ykrarnama eýe bolýar
Çap edildi 31.10.2024
2230

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar we türgenler gatnaşdylar.

Maslahatyň öňüsyrasynda bu ýerde Diýarymyzyň sport üstünliklerine, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde ýetilen sepgitlere bagyşlanan sergi guraldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygyny görkezýär.

Ýurdumyzyň sport ulgamyndaky özgertmeler netijesinde Türkmenistan halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, “Amul — Hazar” halkara awtorallisi, Agyr atletika we Kuraş boýunça dünýä çempionatlary, hokkeý, tennis boýunça halkara ýaryşlar munuň aýdyň güwäsidir. Bu möhüm sport çäreleri Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygy, dostlugy we özara düşünişmegi berkarar etmegi, köpçülikleýin sportuň ösdürilmegini höweslendirmegi maksat edinýändigini tutuş dünýä ýene-de bir gezek açyp görkezmäge ajaýyp mümkinçilik boldy. Ýurdumyz bu işi belent ynsanperwer ýörelgeleri bilen utgaşdyrýar. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy bilen birlikde, Olimpiýa hereketiniň maksatlaryna eýerilmegine-de gönüden-göni baglydyr.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, sport diplomatiýasyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şonuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanandygyny nygtamak gerek.

Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan ilatyň saglygyny goramak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sport diplomatiýasynyň adamlary jebisleşdiriji mümkinçiliklerini parahatçylygy, abadançylygy berkitmegiň bähbidine netijeli peýdalanmak babatda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Halkara maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň dabaralanmagy ugrunda netijeli başlangyçlary öňe sürýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow