Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistan — ÝUNESKO: milli we bütindünýä mirasyny goramak ugrunda
Syýasat habarlary
Türkmenistan — ÝUNESKO: milli we bütindünýä mirasyny goramak ugrunda
Çap edildi 30.10.2024
530

Dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak, hemmetaraplaýyn öwrenmek we dünýä ýaýmak Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu abraýly guramanyň doly hukukly agzasy bolup durýar.

ÝUNESKO bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Onuň çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilen we häzirki wagtda hereket edýän bilelikdäki taslamalar bar. Ikitaraplaýyn dialoga ulgamlaýyn häsiýet bermek maksady bilen, ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary hereket edýär. Soňky ýyllarda bu gurama bilen däp bolan hyzmatdaşlyk mazmun taýdan baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze derejä çykaryldy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna girizilen hödürnamalaryň sanynyň artmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Şu ýylyň 12-nji oktýabrynda ýurdumyzyň milli hödürnamasy esasynda, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagy möhüm wakalaryň biri boldy. Ýeri gelende aýtsak, agzalan gymmatlyklarymyzy bu abraýly sanawa girizmek baradaky çözgüt 2023-nji ýylyň dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilipdi. Şahadatnamany gowşurmak dabarasynyň Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilmeginde aýratyn many bar. Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewleriň watany bolan türkmen topragynyň iň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen täze şäherde bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary alyp barmak üçin ähli şertler döredilendir.

Gadymy döwürlerden bäri ahalteke bedewleri öz owadanlygy we ajaýyp häsiýetleri bilen dünýä meşhurdyr. Asyrlaryň dowamynda Türkmenistanda atçylyk sungaty baradaky bilimler we tejribeler nesilden-nesle geçip gelipdir. Ganatly bedewlerimizi sarpalap, türkmen zergärleriniň ýokary ussatlyk bilen ýasaýan şaý-sepleri olaryň gözelligine görk goşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atlaryna, olaryň gelip çykyşyna we wagyz edilmegine bagyşlanan ajaýyp eserleri döretdi.

Şeýlelikde, degişli şahadatnamanyň gowşurylmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan we Gündogaryň beýik şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda bolup geçýän möhüm wakalaryň üstüni ýetirdi. Bu şanly senäniň dünýä derejesinde dabaralandyrylmagy söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetine eýedigini subut edýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy munuň aýdyň beýanydyr. Türkmenistanyň bu başlangyjy geçen ýylyň maýynda Parižde geçirilen ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň sessiýasynda tassyklanyldy. Mundan başga-da, şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Beýik akyldaryň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 11-nji oktýabrda Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Ýokary derejede guralan foruma halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şol sanda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy hem gatnaşdy.

Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine daýanyp, Türkmenistan geljekde-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen işjeň gatnaşyklary dowam etdirmegi maksat edinýär. Bu babatda iki tarapyň hem zerur bolan hukuk binýady, giň mümkinçilikleri bar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy, Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýalaryna goşulmak bilen, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna berk ygrarlydygyny görkezýär.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhyna ser salmak bilen, Türkmenistanyň çäklerinde birnäçe taryhy-medeni ýadygärlikleriň hasaba alnandygyny we ýüze çykarylandygyny bellemek gerek. Olar döwlet tarapyndan goralyp saklanýar. Türkmen alymlary ÝUNESKO-nyň bilermenleri, daşary ýurtly hünärmenler bilen birlikde ol ýerlerde degişli ylmy-gözleg işlerini geçirýärler. Şeýlelikde, “Gadymy Merw”, “Nusaý”, “Köneürgenç” taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy we Täjigistan Respublikasy bilen bilelikdäki teklibi esasynda «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnama hem bu abraýly sanawa goşuldy. Biziň ýurdumyz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna öz täsin tebigy künjeklerini-de goşmagy maksat edinýär. Bilşimiz ýaly, bu sanawa Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy we Gazagystan Respublikasy bilen bilelikde taýýarlan «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamasy, «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary girizildi.

«Görogly» dessançylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri bolsa ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun aldy. Türkmenistanyň beýleki dostlukly ýurtlar bilen bilelikde hödürlän türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri-de şol sanawa girizilen gymmatlyklaryň hataryndadyr.

Ylym-bilim ulgamy Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň açylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Diýarymyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 6-sy BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzüminiň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolandygy bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmakda ýurdumyzyň hyzmatlarynyň, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky ykrarnamasydyr. Türkmenistan medeniýet, ylym-bilim diplomatiýasyny ilerletmek bilen bir hatarda, sport diplomatiýasynyň netijeli durmuşa geçirilmegi ugrunda-da çykyş edýär. Ýurdumyzyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanylmagy dünýä giňişliginde Watanymyzyň abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsi bolup, bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde goşýan uly goşandyny giňden açyp görkezýär.

Ekologiýa babatda ýola goýulýan gatnaşyklar hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň hökümetara geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy möhüm waka boldy. Degişli maksatnamanyň maksady gidrologiýa ulgamynda bilimleri çuňlaşdyrmaga, bu ugurda häzirki zaman usullaryny we çemeleşmeleri ösdürmäge, dünýädäki suw serişdelerini durnukly ulanmak, rejeli peýdalanmak üçin syýasy ugry, strategiýalary işläp taýýarlamaga ýardam etmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň bu düzüminiň agzalygyna saýlanylmagy ýurdumyzyň ekologiýa we suw diplomatiýasynyň nobatdaky üstünligidir.

2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda — Şäherleriň bütindünýä gününde paýtagtymyz Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigi baradaky çözgüt yglan edildi. Türkmenistan ÝUNESKO-nyň degişli düzüm birlikleri we komitetleri, onuň halkara hünärmenleri bilen bilelikde bu ugurdaky işe 2021-nji ýylda girişipdi. Dünýäniň iň gözel, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilen Aşgabada berlen bu dereje, onuň ösüşiniň häzirki zaman şähergurluşyk ýörelgelerine laýyk gelýändigi bilen baglanyşyklydyr.

Şeýlelikde, bar bolan köptaraply mümkinçilikler Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmegi we onuň geriminiň giňeldilmegi üçin uly geljegiň bardygyny görkezýär. Bu ugurda toplumlaýyn işler dowam etdirilip, ýurdumyz birnäçe başlangyçlary we teklipleri işläp taýýarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny, çaga sallançagyny bejermegiň däplerini we hüwdini ýerine ýetirijilik sungatyny bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin degişli işleri geçirmeli. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz gadymy Änew medeniýetiniň Altyndepe we Ulugdepe ýaly ösen merkezlerini, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Dehistanyň arheologik ýadygärliklerini, Köýtendagyň dag ekoulgamyny Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin zerur işleri alyp barmalydygyny aýtdy. Bu işler Arkadag şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna, onuň bilim edaralaryny bolsa guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna girizmäge hem degişlidir.

Şeýlelikde, ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn başlangyçlary, durmuşa geçirýän anyk işleri umumadamzat medeni mirasyny gorap saklamaga ýardam etmäge, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň möhüm şerti hökmünde halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir.

Soňky habarlar
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
05.12
Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
05.12
Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary boýunça halkara maslahat
05.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
04.12
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.12
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
04.12
Hormatly Prezidentimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda degişli resminama gol çekdi
04.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy
04.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy
top-arrow