Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Çap edildi 30.10.2024
2282

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň, RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş hakyndaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen birlikde, Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mübärekläp, öz gezeginde, Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, Russiýa bilen köpugurly görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz RF-niň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen XVI BRICS sammitiniň ýokary derejesini we ähmiýetini belläp, onuň döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança bolandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky yzygiderli hökümetara dialogy berkitmekdäki ähmiýetine ünsi çekip, onuň türkmen kärdeşleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen gepleşikleriniň netijeli geçmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunda dostluk, ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Syýasy dialog yzygiderli pugtalandyrylýar, işjeň parlamentara hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Köp ýyllardan bäri Russiýa Federasiýasy ýurdumyzyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Bilelikdäki hökümetara topar hem netijeli işleri alyp barýar, onuň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň tutuş toplumy boýunça tagallalar utgaşdyrylýar.

Ynsanperwer ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigi tassyklanyldy. Ol ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin gyzyklanmalaryna we döwletara gatnaşyklaryň strategiýasyna gabat gelýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçuk birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, umumy bähbitlere laýyk gelýän türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
16.02
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16.02
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
16.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 699 müň dollaryndan gowrak boldy
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Wirtual muzeýler — medeniýet ulgamyny ösdürmegiň häzirki zaman ugry
14.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow