Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 25.10.2024
1518

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi.

«Häzirki döwürde türkmen-gazak gatnaşyklary örän giň ugurlar boýunça depginli ösdürilýär. Ýokary döwlet derejesinde emele gelen açyk, aýan we dostlukly gatnaşyklar, gürrüňsiz, bu ýagdaýyň esasy şerti bolup durýar. Siziň bilen geçirýän, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebit we halkara ýagdaýlaryň meseleleri ara alyp maslahatlaşylýan yzygiderli duşuşyklarymyz Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky we beýleki möhüm ugurlardaky gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk syýasy esasa öwrüldi» diýip, hormatly Prezidentimiz hatynda belleýär.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Gazagystan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
27.08
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
top-arrow