Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
Çap edildi 23.10.2024
1609

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siziň 2024-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana amala aşyran saparyňyzy buýsanç duýgusy bilen ýatlaýaryn. Bu saparyň dowamynda biz Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça birnäçe meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdyk. BMG bilen köpugurly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň biridir. Biz bu gurama bütin dünýäde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki zaman ulgamynyň daýanjy, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz hatynda belledi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, BMG-niň Sekretariatynyň ähli işgärlerine täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Soňky habarlar
27.08
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
top-arrow