Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 22.10.2024
106

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Hytaý Halk Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Geçen ýyl biz Siziň bilen iki gezek duşuşdyk, bilelikde hytaý-türkmen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak, şeýle hem ikitaraplaýyn derejede “Bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasyny durmuşa geçirmek barada ylalaşdyk.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin hem-de kuwwatly döwleti gurmak maksadyndan ugur alyp, iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasyny bilelikde durmuşa geçirmek üçin tagalla etmäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistana ösüş hem-de rowaçlyk, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Si Szinpin,

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident,

Milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) Türkmenistan bilen berk gatnaşyklara uly ähmiýet berýär we umumy maksatlary ilerletmek boýunça bilelikdäki tagallalarda onuň ornuna ýokary baha berýär. YHG hem hut şu maksat bilen döredildi. Guramamyz gatnaşyklary giňeltmek boýunça alyp barýan işini dowam etdirer. Biziň guramamyza agza döwletleriň arasynda ylalaşygy pugtalandyrmakda we bilelikde işlemek üçin täze mümkinçilikleri açmakda Siziň Alyhezretiňiziň goldawyna bil baglaýaryn.

Jenap Prezident, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Hisseýn Brahim Taha,

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Müsüriň halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy iberýärin.

Müsür Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýär. Şol gatnaşyklar köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli ösdürilýär. Bilelikdäki işleriň netijesinde iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de biziň halklarymyzyň ýagty geljegine ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Prezident, Size ähli gowulyklary, abadançylyk we üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa rowaçlyk, ösüş arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak we hoşallyk bildirmek bilen,

Abdel Fattah Al-Sisi,

Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
23.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
22.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
2024-nji ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
21.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
21.10
Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
21.10
Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde gulluk iş saparynda bolar
21.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 290 müň dollaryndan gowrak boldy
20.10
Parahatçylyk döredijilikli syýasat we halkyň tutanýerli zähmeti — üstünlikleriň gözbaşy
20.10
Ýurdumyzda TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwaly tamamlandy
top-arrow