Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 21.10.2024
97

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde pagta ýygymy guramaçylykly dowam edip, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Bugdaý ekişini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Häzirki wagtda welaýatyň çägindäki edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlary işe girizilip, olaryň kadaly işlemegini üpjün etmek babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim welaýatda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek bilen baglanyşykly işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde ýerine ýetirilmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda pagta ýygymy möwsüminiň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, pagta arassalaýjy kärhanada we kabul ediş harmanhanalarynda hasyly kabul etmek, pagtany daşamakda ulanylýan tehnikalaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça degişli edara-kärhanalar bilen bilelikde geçirilýän çäreler barada habar berildi. Welaýatda dowam edýän bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek maksady bilen, bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilip, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin gögeriş suwy öz wagtynda tutulýar. Häzirki wagtda sebitdäki edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary möwsümleýin işe girizilip, olar elektrik energiýasy, tebigy gaz we suw bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Häkim öňde boljak şanly seneler, hususan-da, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek barada häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň güýjünden netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bugdaý ekilmeli meýdanlarda tagt suwuny tutmak işi doly geçirilip, ekiş geçirilen ýerlerde endigan gögeriş alynýar. Sebitde ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Howanyň sowamagy bilen baglylykda, welaýatdaky medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary işe girizilip, olaryň bökdençsiz işledilmegi üpjün edilýär. Mundan başga-da, häkim Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda guraljak medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýygym möwsümine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalaryna tabşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli işledilýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, gögeriş suwuny tutmak işleri öz wagtynda alnyp barylýar. Ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak üçin zerur işler geçirilýär. Welaýatyň çägindäki bilim we medeniýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary işe girizilip, olaryň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, hasyly ýitgisiz ýygnap almak, ony kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatda bugdaý ekişini talabalaýyk geçirmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak hem-de kadaly gögeriş almak üçin zerur çäreler ýola goýulýar. Sebitde gant şugundyrynyň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak işlerine-de taýýarlyk görülýär. Welaýatda ýyladyş möwsümine girişilip, medeni-durmuş we jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda Türkmen alabaýynyň baýramyny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygy pudagynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler Diýarymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň, awtoulaglaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek boýunça işler dowam edýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bu işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — pagta ýygymynyň dowam edýändigine ünsi çekdi hem-de ýygymyň depginini güýçlendirmegiň, hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmegiň, ýygymda kombaýnlaryň, tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagyň möhümdigini belledi. Bu işleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegi köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almagy, pudakda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagy üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişiniň hem dowam edýändigine ünsi çekip, ekiş möwsüminiň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmeginiň bugdaýyň bol hasylyny almaga, azyk howpsuzlygyny berkitmäge ýardam etjekdigini belledi we geljek ýylyň hasyly üçin welaýatlarda bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlere laýyklykda alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmek, ekişde ulanylýan tehnikalaryň netijeli işledilmegini üpjün etmek, bugdaýa gögeriş suwuny tutmak işlerini öz wagtynda geçirmek hem-de kadaly gögeriş alynmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnamak işlerine berk gözegçilik etmegi, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyny başlamaga gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz gyş paslynyň golaýlap gelýändigine ünsi çekip, welaýatlardaky bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmegi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýylda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
21.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
21.10
Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
21.10
Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde gulluk iş saparynda bolar
21.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 290 müň dollaryndan gowrak boldy
20.10
Parahatçylyk döredijilikli syýasat we halkyň tutanýerli zähmeti — üstünlikleriň gözbaşy
20.10
Ýurdumyzda TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwaly tamamlandy
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
18.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow