Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 18.10.2024
909

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe ugurdaş kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.

14-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň geçirilendigi, onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnamanyň kabul edilendigi barada aýdyldy. Bu çäräniň çäklerinde türkmen-koreý geňeşme maslahatynyň ikinji mejlisi geçirilip, onda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, parlament diplomatiýasyny ulanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Mälim bolşy ýaly, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” parlamentara forumyny döretmek we türkmen-koreý geňeşme maslahatyny geçirmek başlangyjyny Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öňe sürüpdi. Mundan başga-da, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşyklarynyň geçirilendigi habar berildi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi babatda beren goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Mejlisiň deputatlary giň jemgyýetçilige döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny düşündirmek, milli mirasymyzy wagyz etmek, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň ähmiýetini düşündirmek boýunça çärelere gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem-de parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň barlaghanalarynyň işini halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek hem-de akkreditasiýadan geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky çäreler standartlaşdyrmak ulgamyndaky işleri döwrüň talabyna laýyklykda alyp barmaga, ugurdaş maddy-enjamlaýyn binýady mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, bu düzümleriň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän barlaghanalary talabalaýyk işletmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz degişli synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow şu ýylyň 23 — 25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly XXIX halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu çärä gatnaşmak üçin köp sanly daşary ýurtly kompaniýalary, ýurdumyzyň kärhanalarydyr telekeçileri hasaba alyndy. Halkara sergiň işine Türkmenistanyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Ýyl-ýyldan bu çäräniň geriminiň giňemegi dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalarynyň artýandygyny görkezýär. Halkara maslahat “Ählumumy energetika bazarynda täze depginler we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi” atly plenar mejlisden we alty sany bölümçeden ybarat bolar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we serginiň her ýyl geçirilýändigini, bu çäräniň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ugurlary barada pikir alyşmaga ýardam berýändigini belledi we forumy ýokary derejede guramagy wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň barşy hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Dowam edýän pagta ýygymy möwsüminiň çäklerinde ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek, pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnap almak, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnamaga, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga taýýarlyk görülýär. Şeýle hem wise-premýer Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekip, bugdaý ekiş möwsümini talabalaýyk alyp barmak, bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýygnalýan hasyly kabul etmek, gaýtadan işlemek boýunça degişli işleri alyp barmagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle-de oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda tabşyryk berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek möhüm çärelere, hususan-da, “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergä hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçiriljek halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda, senagat önümçiliginde, energetika, himiýa pudagynda, ýol gurluşygynda gazananlary bilen tanyşmaga ýardam berer. Bu möhüm çäreleriň çäklerinde gurluşyk-senagat toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň duşuşyklary meýilleşdirilýär. Munuň özi täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga ýardam berer. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görülýändigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara sergä we maslahata, Gyzylarbat etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň, Bäherden etrabynda «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda nah ýüplük, nah we tüýjümek matalary, taýýar tikin önümlerini öndürýän dokma toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu täze toplumyň gurulmagy importyň ornuny tutýan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa dokma önümlerini öndürmäge, olary eksport etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna toplumyň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma senagatyny ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalaryň yzygiderli işe girizilýändigini, olarda öndürilýän ýokary hilli dokma önümleriniň içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda dokma toplumyny gurmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşik türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berýär. Bäsleşigiň çäklerinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini, “Çalsana, bagşy!”, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiklerini yglan etmek meýilleşdirilýär. “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigini ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2025-nji ýylyň sentýabrynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň milli medeniýetimizi ösdürmekde, medeni mirasymyzy öwrenmekde, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, kämil eserleriň döremeginde möhüm ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu möhüm bäsleşigi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlar barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň dünýäniň ylym-bilim giňişligindäki orny has-da pugtalandyrylýar.

“Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda”, bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 25 — 30-njy noýabry aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty; 5-6-njy dekabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty; 19-njy dekabrda Türkmen oba hojalyk institutynda sanly ulgam arkaly “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Olara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Awstriýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Belarusuň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň, alymlarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Bu maslahatlaryň geçirilmegi ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösýän pudaklary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýe bolar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, kämil hünärmenleri taýýarlamakda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigine, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän ylmy-amaly maslahatlaryň yzygiderli guralýandygyna ünsi çekdi we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmen oba hojalyk institutynda geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatlary guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi wise-premýere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzy beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen Hökümet agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, ýokary ynsanperwer gymmatlyklara esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde forumyň ähmiýeti bellenildi. Çärä dünýäniň 24 ýurdundan wekilleriň, şol sanda döwlet Baştutanlary derejesindäki 10 wekiliýetiň, halkara guramalaryň 8-siniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. Forumy şöhlelendirmek üçin daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 200-den gowragy Aşgabada geldi.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 15 — 17-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Sebitiň döwletleri, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny hem görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ŞHG-niň sammitlerine we beýleki duşuşyklaryna hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň wekiliýeti ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Yslamabat şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Pakistanyň Hökümetiniň çakylygy we döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça amala aşyryldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň wekiliýeti 16-njy oktýabrda agzalan mejlise gatnaşdy. Türkmen tarapynyň çykyşynda ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, hususy pudagyň ugry boýunça, aýratyn-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Işewürler geňeşiniň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.

Iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bilen duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Şeýle hem saparyň dowamynda Pakistanyň energetika ministri bilen gepleşikler geçirildi. Dostlukly ýurduň bilim ministri bilen duşuşygyň çäklerinde bilim ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we berkitmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen ýurdumyzy däp bolan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine bu düzüm bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmak, elektrikleşdirmek, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de hünärmenleri taýýarlamak işleri göz öňünde tutulyp, bu ugurda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kabul edilen maksatnama esasynda ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň, elektrikleşdirmegiň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak arkaly hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny, bu ugurda halkara tejribäni ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pudagyň işini halkara derejede kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň ýokary derejede guralandygy üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi we forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Häzirki wagtda akyldar şahyrymyzyň ýubileýi bilen bagly çäreler dowam edýär. Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, ýazyjy-şahyrlary bu ugurda uly işleri bitirýärler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýylyň ahyrynda olaryň zähmetine mynasyp baha berlip, öz zähmeti bilen tapawutlanan raýatlaryň hem dabaraly ýagdaýda sylaglanyljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow