Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
Medeniýet
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
Çap edildi 17.10.2024
541

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu gatnaşyklar ähli döwürlerde hem halklaryň arasynda dostlugyň, özara düşünişmegiň köprüsi bolup hyzmat edýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilmegini munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Şu gezekki döredijilik çäresi bolsa iki döwletiň taryhy we ruhy gymmatlyklary umumy bolan halklarymyzyň dostlugyny berkitmegi, köptaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiginiň güwäsine öwrüldi.

Düýn Mukamlar köşgünde Adygeýiň “Nalmes” halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň konserti üstünlikli geçirildi. Döredijilik çäresiniň çäklerinde türkmenistanlylar Russiýanyň amaly-haşam sungaty eserleriniň we fotosuratlaryň sergisi bilen tanyşdylar.

Şu gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary üçin Moskwanyň Döwlet akademiki filarmoniýasynyň aýdymçysy, pianinoçy, P.I.Çaýkowskiý adyndaky XV halkara bäsleşigiň ýeňijisi Dmitriý Masleýew ussatlyk sapagyny geçdi. Mukamlar köşgünde “Pýotr Iliç Çaýkowskiniň ýubileýine tarap” atly nusgawy saz konserti geçirildi. Dmitriý Masleýewiň ýerine ýetirmeginde P.I.Çaýkowskiniň we S.W.Rahmaninowyň eserleri ýaňlandy. Şeýle hem bu ýerde “Nalmes” halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň solistleri Türkmenistanyň tans toparlary üçin ussatlyk sapagyny geçdiler. Myhmanlar halk sahna horeografiýasynyň aýratynlyklary, gadymy adygeý tanslarynyň usulyýeti, gyzykly mowzuklar bilen baýlaşdyrylan tans-spektakllary barada gürrüň berdiler.

Russiýanyň Milli saz muzeýi tarapyndan Çaýkowskiniň döredijiligine bagyşlanan “Çaýkowskiniň planetasy” atly sergi guraldy. Sergi muzeýiň gaznasyndaky taryhy resminamalar, şahsy zatlar, fotosuratlar we nota partituralary esasynda guralyp, ol rus medeniýeti hakynda has giňişleýin maglumat almaga ýardam etdi.

Döredijilik çäresine gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini jemläp, onuň parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky, medeniýetleriň baýlaşmagyndaky, doganlyk halklaryň özara düşünişmegini berkitmekdäki ähmiýetini bellediler. Myhmanlar türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, şeýle hem Türkmenistan bilen has içgin tanyşmaga, onuň halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny öwrenmäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan etdiler.

Islendik halkyň medeniýeti taryhyň açyk kitabydyr, onuň her sahypasynda asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda toplanan ruhy-ahlak mirasynyň bir bölegi şöhlelenýär. Myhmanlar Aşgabatdaky muzeýler, medeni merkezler we köp sanly ýadygärlikler bilen tanyşmak arkaly muňa has anyk göz ýetirdiler. Şeýlelikde, Russiýanyň Medeniýet günleriniň çäginde geçirilen çäreler türkmenistanlylary dostlukly ýurduň sungatynyň baý öwüşginleri bilen tanyşdyryp, halklarymyzyň ýakyndygyny, taryhy we ruhy baglanyşygynyň berkdigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
11.11
Türkmenistanda «Ashgabat Open 2024» Halkara tennis ýaryşy başlandy
11.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 257 müň dollaryndan gowrak boldy
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa gatnaşyjylara
10.11
Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
10.11
Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
09.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
09.11
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
09.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda
08.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow