Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 15.10.2024
2117

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Garaşsyzlyk güni mynasybetli Polşanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan edýärin.

Sizi we türkmen halkyny Garaşsyz, kuwwatly döwlet gurmakda gazanýan üstünlikleriňiz bilen gutlaýaryn. Siziň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek boýunça tagallalaryňyza ýokary baha berýäris. Ýurduňyzyň ähli döwletleriň Garaşsyzlygyna, çäk bitewüligine hormat goýmak, gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar bilen çözmek ýaly halkara hukugyň ýörelgelerine ygrarlydygyny goldaýarys.

Döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar durnukly ösdürilýär. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Jenap Prezident, Size jogapkärli işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, Size, Siziň ýakynlaryňyza we türkmen halkyna ähli gowulyklary arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Anjeý DUDA,

Polşa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we Türkmenistanyň halkyna ähli kanadalylaryň adyndan gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Size we türkmenistanlylara mundan beýläk-de parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Meri SAÝMON,

Kanadanyň General-gubernatory.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Yrak Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 15 ýyllygy mynasybetli gutlagyňyz üçin hoşallyk bildirýäris. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlarymyzy ibermäge şatdyrys.

Pursatdan peýdalanyp, dostlukly halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdürmäge ygrarlydygymyzy tassyklaýarys.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Abdul Latif RAŞID,

Yrak Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Jenap Prezident!

Gruziýanyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biz Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris. Bilelikdäki tagallalarymyz bilen bu gatnaşyklary iki ýurduň bähbidine ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygymyza berk ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygymy tassyklaýaryn!

Irakliý KOBAHIDZE,

Gruziýanyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

2024-nji ýylyň 18 — 21-nji sentýabrynda Türkmenistana amala aşyran saparymyzyň dowamynda bize bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Ajaýyp Aşgabat şäherinde Siziň Alyhezretiňiz tarapyndan kabul edilmegim meniň üçin buýsançlydyr. Türkmenistanyň ykdysady ösüşleri ýokary baha mynasypdyr. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady üstünlikleri gazanjakdygyna ynanýaryn.

Duşuşygymyzda Türkmenistanyň Yslam ösüş bankyny strategik hyzmatdaş hökmünde kabul edýändigini we özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigini bellemegiňiz bizi buýsandyrdy. YÖB-niň Türkmenistanyň milli maksatnamalaryna we ileri tutulýan taslamalaryna goldaw berip, ygtybarly maliýe hyzmatdaşy bolmagyny dowam etdirjekdigine ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, Yslam ösüş bankynyň Türkmenistan üçin 2024 — 2027-nji ýyllarda agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk Strategiýasyny durmuşa geçirmäge hem-de döwletiňiziň durmuş-ykdysady işinde goldaw bermäge taýýardygyny tassyklaýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňizi we ýurduňyzyň halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaýaryn hem-de mundan beýläk-de gülläp ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Muhammad AL JASSER,

Yslam ösüş bankynyň prezidenti.

Soňky habarlar
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow