Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Dostluk köprülerini berkidip
Medeniýet
Dostluk köprülerini berkidip
Çap edildi 13.10.2024
4014

12-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň we Mongoliýanyň artistleriniň bilelikdäki konserti geçirildi. Bu çäre Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň ýurdumyza döwlet saparynyň çäklerinde guraldy.

Medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga we Türkmenistanyň dünýäniň medeni giňişligine goşulyşmagyna gönükdirilen halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk syýasaty hyzmatdaş döwletlere ýurdumyzda öz milli medeniýeti bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik döretmegi hem göz öňünde tutýar. Munuň şeýledigini Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet günleri, şol sanda golaýda guralan Gazagystanyň Medeniýet günleri hem aýdyň tassyklaýar. Şu günki dostluk konserti bolsa iki halkyň ruhy taýdan ýakynlaşmagy üçin ýollary açmak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Türkmen-mongol hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim bolan bu döredijilik çäresini geçirmek üçin dostlukly döwletiň medeniýet we sungat ussatlaryndan ybarat wekiliýet ýurdumyza geldi. Çäräniň açylyş dabarasyna ugurdaş edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Aşgabatda bilelikdäki konsertiň geçirilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň hünär gatnaşyklaryny ösdürmäge, birek-biregiň taryhyna, ruhy mirasyna halklarymyzyň gyzyklanmalaryny artdyrmaga ýardam eder. Dabara gatnaşyjylar parahatçylyk söýüjilik, özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýandygy, döwletara medeni gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň sungat ussatlarynyň konsert maksatnamasyna aýdymlar, folklor-tans çykyşlary girizildi. Sahnadaky ýokary ruhy joşgun sungatyň çäginiň ýokdugyny ýene-de bir gezek tassyklady. Çykyşlardan ruhy lezzet alan tomaşaçylaryň umumy pikirine görä, şeýle çäreler halklaryň arasyndaky gatnaşyklara oňyn täsirini ýetirmek bilen, milli mirasa we häzirki zaman sungatynyň gazananlaryna özara gyzyklanmalaryň artmagyna goşmaça itergi berýär.

Şeýlelikde, aýdym-sazyň we dostlugyň baýramyna öwrülen şu gezekki döredijilik çäresi iki halkyň medeniýetlerini özara baýlaşdyrmak, bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Soňky habarlar
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
top-arrow