Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi
Çap edildi 12.10.2024
787

Şu gün Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, Mongoliýanyň Prezidenti Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşdy, şeýle hem beýleki daşary ýurtly belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşdy.

Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 23-nji aprelinde ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, Mongoliýanyň Prezidentiniň şol geçen döwürden bäri Türkmenistana ilkinji saparyna döwletara dialogyň taryhynda hil taýdan täze tapgyryň başlanýandygy hökmünde baha berilýär. Bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär.

...Irden dostlukly döwletiň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna tarap ugrady. Galkynyş köçesinden başlap, Türkmenbaşy — Galkynyş köçeleriniň aýlawyna çenli Mongoliýanyň Prezidentini atly hormat nyzamy ugratdy.

Köşkler toplumynyň merkezi girelgesiniň öňünde belent mertebeli myhmany hormatly Prezidentimiz mähirli garşylady. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh dostlarça salamlaşyp, köşgüň içine girýärler. Şol ýerde mongol Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy.

Mongoliýanyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Iki ýurduň Prezidentleri Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna sarpa goýýarlar.

Döwlet Baştutanymyz mongol kärdeşini ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Soňra Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh hormatly Prezidentimizi Mongoliýanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlary «Rowaç» zalyna barýarlar. Şol ýerde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem onuň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň işine gatnaşmagyna ýokary baha berilýändigi aýdyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz belent mertebeli myhmany türkmen nusgawy şahyrynyň döredijiligini wagyz etmäge, türkmen-mongol gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly şahsy goşandy üçin Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň ýurtlarymyzyň halklarynyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde taryhy waka boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi, iri halkara guramalaryň çäklerinde ýakyndan özara hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigini belledi. Türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mazmuny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ählumumy ösüşiň ýörelgelerine garaýyşlar babatda doly özara düşünişmek bilen şertlendirilendir. Ählumumy durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak meselelerine biziň çemeleşmelerimiziň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi onuň möhüm şerti bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Mongoliýanyň Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny köp ýyllaryň dowamynda goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirildi. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Mongoliýanyň dünýäniň syýasy giňişliginde öňe sürýän garaýyşlaryny we halkara ähmiýetli tekliplerini mundan beýläk-de goldamagy maksat edinýär.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha ýurdumyza we halkymyza ýokary hormatyň nyşany hökmünde baha berilýän döwlet sapary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, bu saparyň dowamynda meseleleriň giň toplumyna serediljekdigine we ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary ösdürmegiň uzak möhletli geljegini göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň kesgitleniljekdigine ynam bildirdi. Soňra Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha söz berildi.

Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, şu gezekki ýokary derejedäki gepleşikleriň iki dostlukly döwletiň ähli ulgamlardaky gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Mongol Lideri özara hormat goýmak we netijelilik häsiýetine eýe bolan, halkymyzyň bähbitlerine doly laýyk gelýän döwletara dialogy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Uhnaagiýn Hurelsuhyň nygtaýşy ýaly, Mongoliýada Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarlar hem-de esasy ugurlaryň ählisinde döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna umyt edilýär.

Ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda söhbetdeşler türkmen-mongol gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda taraplaryň tagallalary esasynda bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylýar.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Uhnaagiýn Hurelsuh uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, gatnaşyklaryň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň umumy bähbitlere, Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýändigini bellediler. Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça-da pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler «Soltan Sanjar» zalynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Mongoliýanyň Baştutanyny we onuň ýanyndaky wekiliýetiň ähli agzalaryny ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, mongoliýaly kärdeşine Türkmenistana ilkinji döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bu ýokary döwlet derejesindäki ilkinji duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda örän möhüm waka bolup durýandygyny aýdyp, dostlukly ýurduň Lideriniň ýurdumyza saparynyň Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda köptaraply hem-de durnukly hyzmatdaşlygyň başlangyjy boljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde biziň ýurtlarymyzyň yzygiderli ýakynlaşmagy boýunça işlere anyk girişmek, netijeli hyzmatdaşlygy, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin ähli şertleriň bardygyny nygtady.

Döwletlerimiz iri halkara düzümlerde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda özara düşünişmegi we birek-birege goldawy görkezýärler. Mongoliýanyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden 15 sany Kararnamasynyň awtordaşy bolandygyny aýtmak munuň üçin ýeterlikdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şol bir wagtda Türkmenistan hem Baş Assambleýanyň Mongoliýanyň öňbaşçylygynda kabul edilen 5 sany Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz yzygiderli syýasy dialogy we diplomatik hyzmatdaşlygy alyp barmagyň, munuň üçin ulgamlaýyn, many-mazmunly işleri amala aşyrmagyň zerurdygyny aýdyp, ýurtlarymyzyň başlangyçlary öňe sürmek boýunça işjeň garaýyşlarynyň diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge däl-de, eýsem, Aziýa yklymyndaky ýagdaýlara-da düýpli we netijeli täsir etmäge gönükdirilendigini nygtady. Ulag ulgamyny, ilkinji nobatda, Gündogar — Günbatar ugry boýunça üstaşyr ulag we logistika geçelgesini döretmegi aýratyn bellemek isleýärin. Türkmenistan bu strategik taslamany öňe sürenleriň biri bolmak bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwrüň kadalaryna laýyklykda ykdysady, amaly we medeni esaslaryny döretmegi, Ýewraziýada hyzmatdaşlyga itergi bermegi, bu işlere köp döwletleri çekmegi maksat edinýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iki dostlukly ýurduň deňze çykmak boýunça toplanan meseleleri çözmäge işjeň ýardam edip biljekdiklerini nygtap, Mongoliýa öz eksport mümkinçiliklerini öňe sürmek üçin Merkezi Aziýa geçelgesini we Hazar deňzi sebitini ulanmak meselesine seretmegi teklip etdi.

Biz Türkmenistanyň Hazar deňzindäki port kuwwatlyklaryny Mongoliýanyň bähbitlerine ulanmak meselesine seretmäge-de taýýar. Şeýle hem energetika pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň bardygyny görýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şol bir wagtda ýurdumyz Mongoliýanyň Türkmenistandan Gündogara energiýa serişdelerini ibermegiň gatnaşyjylarynyň biri bolmagy bilen bagly meselelere garamaga taýýardyr. Mongoliýa üçin nebit we gazhimiýa harytlarynyň giň sanawy boýunça önümlerini ibermegiň ugurlaryny ýola goýmak babatda Türkmenistanda mümkinçilikleriň bardygyndan ugur almak zerurdyr. Umuman, Türkmenistan Mongoliýa bilen giň gerimli we dürli ugurlarda söwda hyzmatdaşlygyna başlamak ugrunda çykyş edýär. Şunda işewürlik düzümleri, telekeçilik birleşikleri boýunça hyzmatdaşlyga umyt bildirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň şeýle başlangyçlara döwlet goldawyny bermäge, ýurdumyzda Mongoliýanyň kompaniýalarynyň işini höweslendirmäge taýýardygyny tassyklady we ýakyn geljekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-mongol bilelikdäki hökümetara toparyny döretmek baradaky meselä jikme-jik seretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň gatnaşyklarynda parlament hyzmatdaşlygy möhüm orny eýelemelidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda we Mongoliýada parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmegini goldaýandygyny hem-de olaryň döwletara dialogyň wajyp bölegine öwrüljekdigini belledi. Türkmenistanyň we Mongoliýanyň halklary özboluşly medeniýetleriň, gahrymançylykly taryhyň mirasdüşerleri hem-de dowam etdirijileri bolup durýarlar. Biziň halklarymyz örän baý medeniýetleriň, däp-dessurlaryň eýesidir. Bu beýik mirasa wepaly bolmak halklarymyzyň ýakynlaşmagynyň ýene-de bir möhüm şertidir, giň gerimli medeni-ynsanperwer, ylym-bilim gatnaşyklarynyň üsti bilen birek-birege düşünişmegiň anyk ýoludyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolup durýandygyny, dostlukly ýurduň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygyna, oňa yzygiderlilik, üýtgewsizlik häsiýetini bermäge çalyşýandygyna ýokary baha berdi we bu garaýşy doly goldaýandygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşyp, çuň manyly çykyş edendigine ýokary baha berip, oňa aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda dostlukly mongol halkyna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Soňra Mongoliýanyň Liderine söz berildi.

Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Hökümetine we ähli halkyna dostlukly çakylyk, Merkezi Aziýanyň merjeni ak mermerli Aşgabatda mongol wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh döwlet Baştutanymyzy ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan iri halkara forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek Mongoliýanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Dostlukly döwletiň Baştutany saparynyň çäklerinde Mongoliýa bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etjek ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekiljekdigini aýdyp, özara tagallalar netijesinde iki ýurduň arasyndaky syýasy dialogyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh parlamentara gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde iki ýurduň parlamentlerinde dostluk toparlaryny döretmegi, wekiliýetleri alyşmagy teklip etdi. Şeýle hem iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary dowam etdirmegiň, syýasy geňeşmeleri geçirmegiň wajypdygy bellenildi. Dostlukly döwletiň Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topary döretmek baradaky teklibini doly goldap, onuň işiniň anyk netijelere getirjekdigine, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh şu saparyň çäklerinde gol çekmäge taýýarlanan howa gatnawlary hem-de halkara awtomobil gatnawlary hakynda hökümetara ylalaşyklaryň wajypdygyny aýdyp, bu resminamalaryň iki ýurduň ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmek, söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly şertleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Haryt dolanyşygyny, eksport-import harytlarynyň görnüşlerini artdyrmagyň zerurdygy bellenildi. Mongoliýa ýüňüň, gönüň, et we et önümleriniň iberilmegini üpjün edip biler. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygy, weterinariýa, maldarçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekilmeginiň ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmakda wajyp ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy.

Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän işewürlik maslahatynyň möhümdigine ünsi çekdi. Bu çäre iki ýurduň telekeçileriniň, önüm öndürijileriniň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň binýadyny goýýar.

Mongoliýanyň Baştutanynyň pikirine görä, syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek üçinem uly mümkinçilikler bar. Çünki ýurtlaryň ikisi hem tebigaty, taryhy we medeni ýadygärlikleri, ajaýyp ýerleri bilen meşhurdyr. Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasynda bilim, medeni ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň bilim, ylym, medeniýet edaralarynyň, uniwersitetleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak teklip edildi. Maddy däl, medeni mirasy bilelikde öwrenmek we wagyz etmek boýunça işleri geçirmegiň wajypdygy nazara alnyp, türkmen tarapyna Mongoliýada her ýyl geçirilýän «Çarwa» atly bütindünýä medeni festiwala gatnaşmak teklip edildi.

Belent mertebeli myhman bildirilen myhmansöýerlik hem-de ýokary derejedäki netijeli gepleşikler üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda Mongoliýa sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, «Seljuk han» zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Mongoliýanyň Azyk, oba hojalyk we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda weterinariýa we maldarçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Mongoliýanyň Azyk, oba hojalyk we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda azyk we oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Mongoliýanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we ýaşlar ministrliginiň arasynda medeni hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Mongoliýanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we ýaşlar ministrliginiň arasynda syýahatçylyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Mongoliýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Şeýlelikde, döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren resminamalar toplumy Türkmenistanyň we Mongoliýanyň giň ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary «Magtymguly» zalyna baryp, şol ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijelerini teswirläp, onuň üstünlikli bolandygyny belledi we Mongoliýanyň Prezidentine, onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryna Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi hem-de geçirilen netijeli gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Mongoliýanyň Lideriniň biziň ýurdumyza döwlet sapary bilen ilkinji gezek gelendigini belläp, munuň örän ähmiýetli wakadygyny, bu sapara iki halkyň we döwletiň gatnaşyklarynda örän möhüm tapgyr hökmünde baha berilýändigini nygtady. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem halkara syýasatyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, özara hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz gepleşikleriň netijeli we jikme-jik häsiýete eýe bolandygyna, özara ynanyşmak, açyklyk ýagdaýynda geçendigine ünsi çekip, Türkmenistanyň Mongoliýa dostlukly döwlet, halkara giňişlikde ähmiýetli hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ýakyn garaýyşlara we däplere eýerýändikleri, olara oýlanyşykly, sazlaşykly çemeleşmek ugrunda çykyş edýändikleri kanagatlanma bilen bellenildi. Şonuň esasynda biz Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, bu ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli usullaryny ýola goýmak maksady bilen, amatly şertleri döretmek üçin netijeli işleri alyp barmak barada ylalaşdyk. Türkmenistanyň we Mongoliýanyň özara hyzmatdaşlygy halkara hem sebit işlerinde durnuklylygyň, netijeli ösüşiň düýpli şerti bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Energetika, azyk howpsuzlygy, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, çölleşmäge garşy göreşmek, ynsanperwer ugur ýaly ählumumy ähmiýeti bolan meseleler boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň umumydygy bellenildi. Döwletlerimiziň bu meseleler boýunça abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn orun eýeländigini belledi. Biz iki döwletiň hem düýpli mümkinçiliklerini ulanyp, bu hyzmatdaşlyga degişli derejede başlangyç itergini bermegiň zerurdygy barada umumy pikire geldik. Şunuň bilen baglylykda, özara söwdany giňeltmegiň, maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmegiň ýollaryny öwrenmek barada tabşyryklar berildi. Bu wezipeleri çözmekde iki ýurduň işewürler bileleşikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ulag-logistika, energetika, kommunikasiýa hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistan we Mongoliýa bu ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin mümkinçiliklere eýedir. Biz Mongoliýanyň hem-de Merkezi Aziýanyň çäkleriniň üstünden Gündogar — Günbatar ulag geçelgesiniň taslamasyny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini gyzyklanma bildirip ara alyp maslahatlaşdyk. Şunuň bilen baglylykda, men mongoliýaly hyzmatdaşlarymyza Türkmenistanyň Hazar deňzindäki port üpjünçilik ulgamlaryny özara bähbitli ulanmak mümkinçiligine seretmegi hem teklip etdim diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyz gepleşikleriň dowamynda medeni, ynsanperwer, ylym-bilim, sport ulgamlarynda giň gerimli gatnaşyklara ýardam bermek we ony höweslendirmek barada ylalaşygyň gazanylandygyny aýtdy.

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana taryhda ilkinji döwlet saparyna örän üstünlikli we netijeli sapar hökmünde baha berýärin. Saparyň jemleri boýunça möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Şu günki duşuşygymyz hyzmatdaşlygyň düýpli mümkinçiliklere eýedigini, olary amala aşyrmak üçin ähli zerur işleri durmuşa geçirmek babatda iki döwletiň Baştutanlarynyň uly erk-isleginiň bardygyny tassyklady diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Hökümetine we dostlukly halkyna mähirli garşylanandygy hem-de myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Gadymy döwürlerden bäri söwda, medeni gatnaşyklar bilen baglanyşan biziň halklarymyz birek-birege hoşniýetli garamagyň ajaýyp däbine eýedir. Biz şol däbe häzirki döwürde hem sarpa goýýarys diýip, Mongoliýanyň Baştutany nygtady.

Belent mertebeli myhman Aziýany we Ýewropany birleşdirýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezi bolup durýan ajaýyp ýurdumyza ilkinji döwlet sapary barada aýdyp, dostlukly türkmen halkynyň däp-dessurlary, taryhy, medeniýeti bilen tanyşýandygyna, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine örän şatdygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň paýtagtlary Ulan-Batoryň hem-de Aşgabadyň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmak barada bir pikire geldiler. Mongoliýa we Türkmenistan halkara guramalaryň çäklerinde ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Mongoliýanyň başlangyjy bilen döredilen Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin halkara ylmy-barlag merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulýandygyny tassyklaýandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Siziň bilen bilelikde Mongoliýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyryp, döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açýandygymyza kanagatlanma bildirýärin diýip, Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh nygtady hem-de geçirilen gepleşikleriň, gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň abadançylygynyň, halklarymyzyň rowaçlygynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda Mongoliýa sapar bilen gelmäge çagyrdy. “Goý, biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluk mundan beýläk-de berkesin, Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk has-da rowaçlansyn!” diýip, mongol Lideri çykyşyny jemledi.

Metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary «Magtymguly» zalyndan ugradylar.

Günüň ikinji ýarymynda belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Asylly däbe görä, Mongoliýanyň Prezidenti Hormatly myhmanlar seýilbagynda iki döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde bag nahalyny oturtdy. Şeýle hem belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi agşamlyk nahary berildi.

***

Türkmenistana ilkinji döwlet sapary tamamlanandan soňra, ýekşenbe güni Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Watanyna ugrady.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow