Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 11.10.2024
1871

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bu wekilçilikli foruma gatnaşandygy üçin rus Liderine minnetdarlyk bildirdi we ony bu şanly waka gabatlanyp döredilen ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady.

Dostlukly döwletiň Baştutany ýokary sylag üçin hoşallyk bildirip, iri halkara forumyň ýokary guramaçylygyny hem-de ýurdumyzyň Hökümetiniň beýik akyldar Magtymgulynyň taglymlaryna eýermek bilen, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek, köpugurly halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmak ugrunda tagalla edýändigini belledi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklaryň ösüşiniň okgunly häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Iň ýokary derejedäki we iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli hyzmatdaşlyk, parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi bu ösüşlere uly itergi berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Prezident Wladimir Putiniň bu foruma gatnaşmagy Russiýa Federasiýasynda Magtymgulynyň döredijiligine uly hormat goýulýandygyny subut edýär. Mälim bolşy ýaly, Moskwada, Astrahan oblastynda, Stawropol ülkesinde görnükli şahyryň ýadygärlikleri oturdyldy. Şeýle-de Astrahan oblastynda Magtymguly adyndaky orta mekdep guruldy. Gahryman Arkadagymyz medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýdyp, iki ýurtda özara Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilýändigini, bu çäreleriň doganlyk halklaryň has-da ýakynlaşmagyna goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan diňe bir Russiýanyň medeniýetine däl, eýsem, rus dilini we edebiýatyny öwrenmäge-de uly üns berýär. Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň açylmagy bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli bilim edaralarynda rus dili öwredilýär. Türkmen talyplarynyň on müňlerçesi Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

Umumy pikire görä, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus topary tarapyndan utgaşdyrylýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek köpugurly türkmen-rus dialogynyň gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Şu aýyň ahyrynda Aşgabatda bu toparyň başlyklarynyň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösmegine we pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Wladimir Putine minnetdarlyk bildirip, dostlukly döwletiň Baştutanyna berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Russiýa Federasiýasynyň halkyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow