Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 11.10.2024
1449

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, ony “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutanynyň şu gezekki saparynyň türkmen-pakistan gatnaşyklaryny ägirt uly mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze derejelere çykarmakda nobatdaky tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Asif Ali Zardari Türkmenistanda bildirilen myhmansöýerlik we gutlaglar üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň bähbidine gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga Pakistanyň ýokary baha berýändigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar dost-doganlyk, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýar. Halklarymyzyň taryhy kökleriniň, medeniýetleriniň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy ony yzygiderli ösdürmek üçin binýat bolup hyzmat edýär. Iki döwlet ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler we birek-biregiň parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň beýleki möhüm meseleleri boýunça hem gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari birek-birege berk jan saglyk we bagtyýarlyk, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
04.07
Täze ugurly senagat önümçiligi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
03.07
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
03.07
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
03.07
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
02.07
Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy
02.07
Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow