Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumdaky çykyşy
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumdaky çykyşy
Çap edildi 11.10.2024
736

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Türkmen halky müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdyr. Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Şonuň üçin şahyryň ömrüni we döredijiligini giňden öwrenmek bilen bagly işler abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanýan şu günki wakanyň hem aýratyn many-mazmuny bardyr.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. Dana Pyragynyň parasatly pikirleri asyrlarboýy halkymyz üçin, şeýle-de beýleki halklaryň wekilleri üçin hem durmuş ýörelgesine öwrülip geldi.

Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bu abraýly gurama bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bularyň ählisi türkmen halkynyň beýik söz ussadyna bolan belent sarpasyny ýüze çykarýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlaryny öňe sürdi. Türkmenistanly hem-de daşary ýurtly meşhur ýazyjy-şahyrlar, alymlar, edebiýatçylar, suratkeşler, sungat işgärleri beýik şahyra bagyşlap köp işleri bitirdiler, kämil eserleri döretdiler. Bu eserler söz ussadynyň baý edebi mirasyny öwrenmekde, dünýä giňden ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly, Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen berk baglydyr. Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagy Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir aýdyň nyşanydyr. Daşary ýurtlaryň birnäçesinde Magtymgulynyň heýkelleriniň oturdylandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Şeýle sahawatly işler halklaryň arasynda dost-doganlyk köprülerini has-da pugtalandyrýar.

Hormatly adamlar!

Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenleriň milli häsiýetiniň kemala gelmeginde uly hyzmaty bitiren akyldar şahyr köp ýurtlara aýlanyp görüp, dünýä akyl ýetiripdir. Bu bolsa onuň aň-düşünjesinde öçmejek yz galdyrypdyr. Dünýägaraýşynyň kämil bolmagyna, halklaryň arasynda medeniýetleriň, bilimleriň özara baýlaşmagyna getiripdir.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasydyr. Ol öz halkyny, topragyny söýen, ony goramagy we onuň gadyryny bilmegi ündän watançy şahyrdyr. Adamzada abadanlyk islän we onuň dogry ýoluny görkezen beýik akyldardyr. Şahyryň goşgulary nesillerde watansöýüjiligi, ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt üçin, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp adamlar bolup ýetişmegine ýardam edýär.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Magtymguly Pyragynyň mirasy biziň üçin uly baýlykdyr. Akyldar şahyryň wesýetlerine wepaly bolmagy biz mukaddes borjumyz hasaplaýarys. Onuň wesýetlerine eýermek bilen, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, berkarar döwletliligimizi mundan beýläk-de berkideris. Beýleki döwletler bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklarymyzy giňelderis. Biz parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine öz goşandymyzy goşmaga hemişe taýýardyrys.

Sözümiň ahyrynda foruma gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabry)

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow