Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Paýtagtymyzda Abaý Kunanbaýulynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy
Medeniýet
Paýtagtymyzda Abaý Kunanbaýulynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy
Çap edildi 10.10.2024
617

Şu gün Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Uçaryň öňünde dostlukly döwletiň Baştutanyna milli lybasly çagalar duz-çörek hödür edýärler hem-de gül desselerini gowşurýarlar.

Howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşýärler. Soňra bu ýerde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp we ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň strategik häsiýete eýedigini, ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir. Toparyň mejlisleri yzygiderli ýagdaýda geçirilýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklar meselesine degip geçip, düýn Aşgabatda Gazagystanyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Medeniýet günleriniň tamamlanandygyny belledi. Şu gün bolsa türkmen paýtagtynda meşhur gazak şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligi açylýar. Munuň özi biziň halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlygyň mizemezliginiň aýdyň nyşany bolup durýar.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew mähirli kabul edilendigi üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gazagystanyň Türkmenistany hoşniýetli dost we ýakyn goňşy hasaplaýandygyny nygtady. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar strategik esasda okgunly ösdürilýär. Gazagystan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Ikitaraplaýyn hökümetara topar netijeli işleýär. Onuň işi hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam edýär.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletara dialogy pugtalandyrmakda saldamly şahsy goşandyna ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasynda uly abraýa eýedigini nygtady.

Ynanyşmak we oňyn ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi. Söhbetdeşler dürli formatlarda, şol sanda abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady, ulag, energetika, beýleki birnäçe ulgamlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şu ýylyň iýulynda Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy we şu gün Aşgabatda Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylmagynyň meýilleşdirilmegi doganlyk halklarymyzyň çuňňur medeni-ruhy gatnaşyklarynyň aýdyň güwäsidir. Bu beýik şahyrlaryň we akyldarlaryň eserlerinde ebedi umumadamzat gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, olaryň döredijilik mirasy diňe bir türkmen we gazak halklarynyň milli baýlygy däl, eýsem, bütindünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň hem aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edildi. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara forum uly ähmiýete eýedir. Bu forum döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli dialogy, dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam eder.

Gazagystanyň Baştutanynyň Türkmenistana şu gezekki saparynyň netijeleriniň hem-de Aşgabatda geçirilýän ýokary derejedäki gepleşikleriň uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Soňra belent mertebeli myhmanlary kabul etmek üçin niýetlenen terminalyň öňündäki meýdançada Gazagystan Respublikasynyň Baştutanyny resmi garşylamak dabarasy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ýörite gurnalan münbere geçýärler. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Gazagystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Lideri Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna sarpa goýýarlar.

Dabara tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki awtoulag kerweni gazak halkynyň beýik şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasynyň geçiriljek ýerine ugrady.

Meşhur gazak şahyrynyň özboluşly kompozisiýany özünde jemleýän heýkeliniň Aşgabat şäherindäki «Laçyn» seýilgähinde bina edilmegi iki halkyň medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna, däp-dessurlaryň meňzeşligine esaslanýan gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Bu wakanyň Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede baýram edilýän ýylda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Astana şäherinde Magtymgulynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Gazagystanyň paýtagtynda Gündogaryň beýik akyldarynyň heýkeliniň oturdylmagy dost-doganlygymyzyň mizemezdigini görkezdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew dabaranyň geçirilýän ýerine geldiler. Dabara Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetleri, medeniýet, sungat işgärleri gatnaşdylar. Iki ýurduň sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary çärä özboluşly öwüşgin çaýdy.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýyl meşhur söz ussady, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň halkara derejede giňden bellenilýändigini we bu waka mynasybetli Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda dürli dabaraly çäreleriň guralýandygyny aýtdy. Bu gün bolsa biz paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjegindäki ajaýyp seýilgähde doganlyk gazak halkynyň beýik şahyry, görnükli medeniýet we sungat işgäri Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyny geçirýäris diýip, Milli Liderimiz belledi hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisini bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlady. Nygtalyşy ýaly, türkmen we gazak halklary dünýäniň medeni-ruhy gymmatlyklaryna uly goşant goşdular. Şoňa görä-de, bu medeni mirasy düýpli öwrenmek, giňden wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Iki doganlyk halkyň taryhy-medeni durmuşynda öçmejek yz galdyran meşhur şahsyýetleriň, akyldarlaryň, şahyrlaryň mirasyny aýawly saklamak, olaryň eserlerini geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler uly ähmiýete eýedir diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň günorta künjeginde täze açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda meşhur gazak sazandasy we kompozitory Kurmangazy Sagyrbaýulynyň ýadygärliginiň oturdylmagyny muňa mysal hökmünde görkezdi.

Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde bolsa beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeli oturdyldy. Biz iýul aýynda bu ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açdyk diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we munuň üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Bularyň ählisi türkmen-gazak dost-doganlygynyň nyşany, beýik ussatlara goýulýan ägirt uly hormatyň güwäsi bolup durýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden ýaýmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, 11-nji oktýabrda Aşgabatda halkara forumyň geçirilýändigini, bu ýokary derejeli maslahata dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň hem-de wekiliýetleriň gatnaşjakdygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak şahyrana mirasy ägirt uly medeni we ruhy-ahlak gymmatlyklary hökmünde adamlaryň ruhy dünýäsinde, hakydasynda giň orun aldy. Onuň köptaraply döredijiligi diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş Gündogar halklarynyň medeni-ruhy ösüşine hem uly goşant goşup, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Edil şonuň ýaly, doganlyk gazak halkynyň beýik ogly we akyldar şahyry Abaý Kunanbaýew hem Gazagystanda ýazuwly edebiýatyň esaslandyryjysy bolmak bilen, milli medeniýetiň, sungatyň ösmeginde uly işleri bitirdi. Ol gazak edebiýatynyň Gündogaryň nusgawy edebiýatynda mynasyp orun almagyna örän uly goşant goşdy. Beýik şahyryň, akyldaryň, filosofyň we alymyň döreden eserleri, ajaýyp sazlary häzirki nesiller üçin uly buýsanç hem ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär diýip, Milli Liderimiz belledi.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün gazak doganlarymyz bilen bilelikde paýtagtymyzdaky gözel seýilgähde gazak halkynyň beýik ogly hem-de akyldar şahyry Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň dabaraly ýagdaýda açylýandygyny aýtdy we heýkeli oturtmak işlerine gatnaşanlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabatda gazak halkynyň medeniýetiniň, sungatynyň we edebi mirasynyň ösdürilmegine uly goşant goşan Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň açylmagy bilen hemmeleri ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap: «Goý, türkmen-gazak dost-doganlygy baky dowam etsin!» diýip belledi.

Hormatly Arkadagymyz Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara gelendigini habar berdi. Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Kasym-Žomart Tokaýewe bu döwlet sylagyny uly hormat bilen gowşurdy.

Soňra Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe söz berildi. Dostlukly döwletiň Baştutany, öz nobatynda, Gahryman Arkadagymyza we ähli türkmen halkyna «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň gowşurylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu sylagy iki halkyň arasyndaky özara düşünişmegiň we dostlugyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.

Belent mertebeli myhman şu günüň iki ýurduň ruhy-medeni durmuşynda aýratyn gündügini belledi. Aşgabadyň ajaýyp künjeginde gazak halkynyň beýik şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligi oturdyldy.

Muny türkmen doganlarymyzyň gazak halkyna aýratyn hormat-sarpasynyň aýdyň nyşany hasaplaýaryn diýip, Gazagystanyň Baştutany aýtdy. Şeýle-de ol Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize bu asylly başlangyjy goldandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Abaý dünýäde ykrar edilýän ajaýyp şahsyýetdir. Onuň eserleri tutuş adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyna öwrüldi. Dünýäniň köp şäherlerinde akyldaryň ýadygärlikleri oturdyldy. Beýik şahyr ömrüni halkyň aň-bilimli bolmagyna bagyşlady diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew nygtady. «Köp zady bilmäge çalyş!» diýmek bilen, Abaý ylym-bilim medeniýetini öňe sürdi. Ol öz gaýtalanmajak eserlerinde müdimi gymmatlyklary wasp etdi, halkymyzda watançylygy, zähmetsöýerligi, bilime söýgini terbiýeledi, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige, pähim-paýhaslylyga çagyrdy diýip, belent mertebeli myhman aýtdy we Aşgabatda Abaýyň ýadygärliginiň açylmagynyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen örän wajyp başlangyçdygyny belledi.

Bilşiňiz ýaly, şu ýyl Astanada türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi açyldy. Bu ýadygärlik türki halklaryň ählisi üçin umumy bolan bu ajaýyp şahsyýetiň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlanylyp oturdyldy. Gazagystanda Magtymguly Pyragynyň şygryýetine aýratyn mähirlilik hem-de buýsanç duýgusy bilen garalýar. Abaýyň we Magtymgulynyň eserleri türki medeniýetiň gymmatlygydyr diýip, Gazagystanyň Baştutany aýtdy hem-de biziň umumy borjumyzyň bu gymmatlygy aýawly saklamakdan, geljek nesillere ýetirmekden ybaratdygyny nygtady.

Iki beýik şahyryň şygryýetinde dowamatlylygyň mysallary örän köpdür.

Biziň halklarymyzy bitewi kökler, umumy taryh, diliň we medeniýetiň meňzeşligi baglanyşdyrýar. Şu mizemez binýadyň esasynda biz berk hem sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýduk. Şol gatnaşyklar häzirki wagtda strategik hyzmatdaşlyk ruhunda okgunly ösdürilýär. Meniň Türkmenistana şu günki resmi saparym munuň aýdyň mysalydyr diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. Dostlukly ýurduň Baştutany beýik Abaýyň ýadygärliginiň gazak-türkmen dostlugynyň nyşanyna öwrüljekdigine ynam bildirdi hem-de: “Goý, Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ylalaşyklylyk we özara düşünişmek müdimi bolsun!” diýen sözler bilen çykyşyny tamamlady.

Sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursat gelip ýetýär: türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligini açýarlar. Şol wagt asmana dürli reňkdäki şarlar uçurylýar.

Heýkeliň umumy beýikligi 7 metrden gowrakdyr. Heýkeltaraş gazak şahyrynyň keşbini ussatlyk bilen şekillendiripdir. Onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga öwrülipdir.

Abaý Kunanbaýew häzirki zaman milli gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy we kompozitor hökmünde öçmejek yz galdyrdy. Onuň eserlerinde öz halkynyň dünýägaraýşy, däp-dessurlary, ruhy dünýäsi açylyp görkezilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti heýkele ajaýyp gül desselerini goýup, beýik söz ussadyny sarpalaýarlar. Soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary hem heýkele gül goýdular.

Dabara tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň Lideri hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.

Şu gün belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna-da gül dessesini goýdy.

Soňky habarlar
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
18.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
18.12
Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
top-arrow