Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
Çap edildi 09.10.2024
83

Hormatly adamlar!

Gadyrly saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şu gününde ýene-de bir şatlykly wakanyň şaýady bolýarys. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. Şeýle-de şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde buýan kökünden derman serişdesini öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhana işe giriziler.

Sizi we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy hem-de halkymyza hyzmat etjek bu döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, täze derman kärhanasynyň ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, lukmançylyk ulgamyna häzirki döwrüň iň kämil tehnologiýalaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga döwletimiz tarapyndan köp serişdeler goýberilýär. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, sebitlerimizde dünýä ölçeglerine laýyk enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk öýleri we merkezleri, şypahanalar, sport toplumlary yzygiderli gurlup, pudagyň üpjünçilik ulgamy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk kömegi ýola goýlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy kämilleşdirilýär.

Hormatly adamlar!

Ata-babalarymyzyň «Bar zadyň sakasy — saglyk», «Saglygym — begligim» ýaly pähimlerinden ugur alyp, ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy uly işleri durmuşa geçirýär. Kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan dürli görnüşli lukmançylyk önümleri öndürilýär. Munuň özi lukmançylyk edaralarynda zerur bolan serişdeleriň ýerli çig mallardan öndürilýän möçberiniň artmagynda uly ähmiýete eýedir.

2021-nji ýylyň martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň binýadyny emele getirýän ynsanperwer işleriň dabaralanýandygynyň nyşanydyr. Bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi. Biz bu ynsanperwer işi geljekde hem dowam etdireris. Bularyň ählisi halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny aýdyň görkezýär.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny innowasion ösüş ýoluna gönükdirmek, dünýä ylmynyň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmak Türkmenistanyň bu ugurda durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň birnäçe resminamalara gol çekmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boldy. Ine, şu gün ulanmaga berilýän saglygy goraýyş edaralary hem aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.

Täze gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde-de iri lukmançylyk merkezleriniň biridir. Bu ýerde ulular we çagalar üçin birnäçe köpugurly bölümler hereket eder. Täze merkeziň bölümleri dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilen döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. 7 gatdan ybarat hassahanada dürli ýaşdaky adamlara saglygyny bejertmek we dikeltmek üçin ähli amatly şertler döredildi.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi hem döwrebap merkezleriň biri bolup durýar. Bu ýerde ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olary netijeli bejermek üçin ähli şertler döredildi. Täze lukmançylyk merkezi ylmy-barlag merkezini, 10 sany ylmy-kliniki we kömekçi bölümleri, beýleki gulluklary öz içine alýar. Merkeziň bölümlerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli şertler döredildi. Bu bolsa onuň kliniki we ylmy bölümleriniň özara sazlaşykly işlemegine şert döredýär.

Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde ýurdumyzyň tebigy-howa şertleriniň adam saglygyna ýetirýän täsirini öwrenmek boýunça degişli işler geçiriler, okuwlar, ylmy barlaglar alnyp barlar. Ak mermerli paýtagtymyzyň görküne görk goşýan bu täze merkezleriň ikisiniň hem gurluşygyny «Gap Inşaat» türk kompaniýasy ýerine ýetirdi. Şu dabaraly pursatda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk bina edilen lukmançylyk edaralarynyň gurluşygyna gatnaşan hünärmenlere minnetdarlyk bildirýärin. Şeýle döwrebap merkezleriň, şeýle hem häzirki zaman derman kärhanasynyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň ilatyna edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hili ýokarlanýar. Täze iş orunlary döredilýär, lukmanlaryň iş şertleri has-da gowulanýar. Bu bolsa ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly adamlar!

Biz saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek üçin alyp barýan giň gerimli işlerimizi geljekde hem dowam etdireris. Raýatlarymyzyň saglygyny goramaga, saglyk abadançylygyny üpjün etmäge, dürli keselleriň öňüni almaga hemişe uly ähmiýet bereris.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Sizi we saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy hem-de täze, häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň, döwrebap derman kärhanasynyň ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine bolsa ynsan saglygyny goramak ýaly asylly we jogapkärli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda Abaý Kunanbaýulynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy
10.10
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen geldi
10.10
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine
09.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
09.10
Türkmenistanda saglygy goraýyş maksatly täze edaralar açyldy
09.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
09.10
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy
09.10
Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
top-arrow