Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Çap edildi 09.10.2024
1430

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türki Döwletleriň Guramasynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny yglan eden gününden bäri ykdysady ösüşde hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly üstünlikleri gazandy. Siziň ýurduňyzyň gazanan üstünlikleri diňe bir türkmen halkynyň däl, tutuş türki dünýäniň hem buýsanjy bolup durýar. Biz Türkmenistanyň sebit durnuklylygyny pugtalandyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygyna we onuň dünýä bileleşiginde agzybirligi, raýdaşlygy berkitmekdäki işjeň ornuna ýokary baha berýäris.

Türkmenistan türki halklaryň maşgalasynyň möhüm agzasy bolmak bilen, doganlyk halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun eýelemegini dowam etdirýär. Biziň halklarymyzyň umumy gülläp ösüşiniň hem-de abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki işleriň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine umyt edýäris.

Türkmenistanyň halkyny hem-de Hökümetini ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn we Siziň Alyhezretiňize mundan beýläk-de üstünlik, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Kubanyçbek Omuraliýew,

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.

Soňky habarlar
04.07
Täze ugurly senagat önümçiligi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
03.07
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
03.07
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
03.07
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
02.07
Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy
02.07
Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow