Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 08.10.2024
2512

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň Baştutany mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, hususan-da, ýakynda wagtda geçiriljek möhüm ähmiýetli çäreler barada pikir alyşdylar.

Nygtalyşy ýaly, şu günler Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli çäreler geçirilýär. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, türki halklaryň hem şahyrydyr. Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän dabaralara Türkiýede-de uly gyzyklanma bildirilýändigini aýratyn belläp, ýakyn wagtda şahyryň ýubileýine bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek halkara forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy üstünlikli geçirmek baradaky arzuwlarydyr gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde we geljek nesillere ýetirmekde mynasyp goşant goşandygyny, köp işleri bitirendigini nygtady.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini, halklarymyzyň dil, medeniýet we ruhy taýdan umumylygynyň döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýändigini bellediler. Milli Liderimiz ýakynda Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdoganyň ýurdumyza saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilendigine ünsi çekip, doganlyk ýurduň paýtagty Ankara şäheriniň iň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän seýilgähde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň oturdylmagynyň buýsandyryjy ýagdaýdygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň bu ugurda bitiren hyzmatlaryny hem-de türkmen we türk halklarynyň arasynda dost-doganlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň doganlyk ýurduň Baştutanyny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglaýandygyny habar berdi.

Milli Liderimiz bu ýubileý medaly bilen tüýs ýürekden gutlap, beýik akyldar şahyrymyza hem-de türkmen medeniýetine goýýan sarpasy üçin Türkiýäniň Prezidentine we doganlyk türk halkyna minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Arkadagymyz maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň adyndan Emine Ärdogana salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen ata Watany Türkmenistana gelip görmegine garaşýandygyny aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Soňky habarlar
11.11
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
11.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
11.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki çykyşy
11.11
Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
top-arrow