Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 03.10.2024
60

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesiniň baýram edilmegi mynasybetli Katar Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan mähirli gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin ýakymlydyr. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş arzuw edýärin. Goý, biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan ysnyşykly gatnaşyklar has-da berkesin we gülläp össün!

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Tamim bin Hamad AL TANI,

Katar Döwletiniň Emiri.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Gruziýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu taryhy ähmiýetli sene türkmen halkynyň güýç-kuwwatynyň aýdyň nyşanydyr. Türkmen halky 30 ýyldan gowrak wagt mundan ozal umumy maksadyň töwereginde berk jebisleşdi, Garaşsyzlygyny hem-de özygtyýarlylygyny gazandy. Şol döwürden bäri Türkmenistan ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Gruziýa dostlukly gatnaşyklara we ysnyşykly hyzmatdaşlyga sarpa goýýar. Şol hyzmatdaşlyk Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky taryhy gatnaşyklar bilen berkidildi. Halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine biziň ýurtlarymyzyň bu gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygymy tassyklaýaryn hem-de ýurduňyza hyzmat etmek ýaly asylly işiňizde üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Salome ZURABIŞWILI,

Gruziýanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mongol halkynyň adyndan Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna mähirli gutlaglarymy ibermek isleýärin. Mongoliýa Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary giňeldýär we ösdürýär hem-de halkara, sebit derejesinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Hormatly Prezident, Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň günsaýyn rowaçlanýandygyny hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň gülläp ösmegine uly goşant goşýandygyny nygtamak meniň üçin ýakymlydyr.

Siziň çakylygyňyz boýunça ajaýyp ýurduňyza, Merkezi Aziýanyň ak mermerli şäherine baryp görmäge, Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga we onuň ugurlaryny kesgitlemäge hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze taryhy sahypasyny açmaga şat bolaryn.

Size we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Uhnaagiýn HURELSUH,

Mongoliýanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek mende uly kanagatlanma döredýär. Ýurduňyza hem-de halkyňyza okgunly ösüş, abadançylyk baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

ABDULLA II,

Iordaniýanyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Horwatiýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy, halkyňyza ösüş, abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýollamak meniň üçin örän ýakymlydyr.

Türkmenistan bilen Horwatiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara gyzyklanma bildirilýän köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine ynanýaryn. Ykdysady hyzmatdaşlygymyzy hem pugtalandyrmak zerur bolup durýar.

Hormatly jenap Prezident, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Zoran MILANOWIÇ,

Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Gresiýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size mähirli gutlaglarymy hem-de Türkmenistanyň halkyna ösüş, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Katerina SAKELLAROPULU,

Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Finlýandiýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy, ýurduňyza hem-de halkyňyza rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Aleksandr STUBB,

Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin ýakymlydyr.

Türkmenistan bilen Tailand Patyşalygy diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyldan gowrak wagtynyň dowamynda dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge çalyşdylar. Ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine iki ýurduň arasyndaky ykdysady, söwda, energetika, syýahatçylyk, sport ulgamlaryndaky köptaraply hyzmatdaşlygymyzyň täze sepgitlere çykaryljakdygyna ynanýaryn.

Maha WAJIRALONGKORN,

Tailandyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly doganym, jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli Nikaragua Respublikasynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Size, Siziň Hökümetiňize, Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň!

Bu taryhy we şanly senede parahatçylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymyzy beýan edip, halklarymyzyň we Hökümetlerimiziň arasynda ýola goýlan dostluk, raýdaşlyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygymyzy tassyklaýarys.

Hormatlamak bilen,

Daniel Ortega SAAWEDRA,

Nikaragua Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Mýanma Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny tüýs ýürekden gutlamaga, bagtyýarlyk, rowaçlyk, parahatçylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygymyza ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistana we onuň halkyna rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmek isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

General Min Aun HLAÝNG,

Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Döwlet dolandyryş Geňeşiniň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Şanly waka — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Kipr Respublikasynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan mähirli gutlaglarymy beýan etmek isleýärin.

Mümkinçilikden peýdalanyp, köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygymyzyň üstünliklere beslenendigini bellemek, Hökümetimiziň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklamak isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, geljekde ikitaraplaýyn resminamalaryň kabul edilmeginiň hem-de özara saparlaryň amala aşyrylmagynyň biziň gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga berk esas bolup hyzmat etjekdigine, onuň ýurtlarymyz we halklarymyz üçin bähbitli boljakdygyna ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi baradaky iň gowy arzuwlarymy, şeýle hem Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Hormatlamak bilen,

Nikos HRISTODULIDIS,

Kipr Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Özbegistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen mähirli gutlaglaryňyz hem-de hoşniýetli arzuwlaryňyz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek mende kanagatlanma döredýär. Soňky ýyllarda Özbegistanyň syýasy, durmuş-ykdysady, beýleki ulgamlarda gazananlaryna, ählumumy we sebit gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmäge oňyn çemeleşmelerine gyzyklanma bildirýändigiňiz meniň üçin örän gymmatlydyr. Ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de biziň halklarymyzyň umumy abadançylygynyň bähbidine yzygiderli we netijeli ösdüriljekdigi şübhesizdir. Biziň ýurtlarymyz gadymdan bäri dost-doganlardyr.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnukly ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüm mynasybetli mähirli gutlaglaryňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Belarus Respublikasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine umyt edýärin. Şol hyzmatdaşlyk ýurtlarymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna, belarus we türkmen halklarynyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, Ýewraziýa sebitinde dostluk we ynanyşmak ýagdaýynyň saklanmagyna ýardam berýär.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikler baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Hormatlamak bilen,

Aleksandr LUKAŞENKO,

Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Tatarystan Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Size hem-de doganlyk türkmen halkyna baýramçylyk şatlygyny, ýurduňyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň bähbidine döredijilikli işiňizde egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärin. Goý, ýurduňyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen berk durmuş-ykdysady binýady, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy, halkara abraýy Türkmenistanyň ynamly we abadan geljeginiň bähbidine amala aşyrylýan giň gerimli taslamalaryň üstünliklere beslenmeginiň kepili bolsun! Siziň ajaýyp ýurduňyzyň halky bilen baýramçylyk şatlygyny paýlaşýarys hem-de Russiýa bilen Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde hoşniýetli tatar-türkmen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirýäris.

Size, Siziň ýakynlaryňyza we Türkmenistanyň ähli raýatlaryna berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlar bilen,

Rustam MINNIHANOW,

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Siziň Alyhezretiňize abadançylyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdulla bin Hamad AL TANI,

Katar Döwletiniň Emiriniň orunbasary.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Katar Döwletiniň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk Türkmenistana we onuň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş arzuw edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mohammed bin Abdulrahman bin Jassim AL TANI,

Katar Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, daşary işler ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediň! Bu şanly gün Siziň ýurduňyzyň belent ruhuny alamatlandyrýar.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize hem-de ýurduňyzyň halkyna uly üstünlikleri, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Petr FIALA,

Çehiýa Respublikasynyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Özygtyýarly ösüş döwründe ýurduňyzda durmuşyň ähli ulgamlarynda uly özgertmeler amala aşyryldy. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň bitaraplyk syýasatyna eýerýän hormatly agzasydyr. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda giň gerimli söwda-ykdysady, ylmy, medeni-durmuş taslamalary ilerledilýär, ýurduňyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi köp ýyllaryň dowamynda Sankt-Peterburgyň halkara işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Peterburgyň hökümeti Türkmenistan bilen dost-doganlyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary edýär. Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikler çäksizdir. Peterburg bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça başlangyçlara hemişe goldaw berýändigiňiz üçin Size hoşallygymy beýan etmäge rugsat ediň!

Size täze üstünlikleri, dostlukly Türkmenistana abadançylyk, ýurduňyzyň raýatlaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, zähmet ýeňişlerini arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Aleksandr BEGLOW,

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň! Garaşsyzlyk güni türkmen halkynyň belent ruhuny, agzybirligini, ösüşiň täze sepgitlerine ýetmekde jebisligini alamatlandyrýan esasy döwlet baýramydyr.

Häzirki wagtda Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk durnukly strategik häsiýete eýedir. Astrahan oblasty Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistany baglanyşdyrýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ýokary baha berýär hem-de bu gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagy maksat edinýär.

Size we Türkmenistanyň ähli halkyna tüýs ýürekden bagtyýarlyk, parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Igor BABUŞKIN,

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Ýewropa parlamentiniň Halkara söwda boýunça komitetiniň utgaşdyryjysy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça wekiliýetiniň agzasy hökmünde men Siziň ýurduňyzda bolup geçýän täzeliklere uly gyzyklanma bildirýärin.

Türkmenistan öz bitaraplyk syýasaty netijesinde sebitde durnuklylygyň nusgasy bolmagynda galýar we Merkezi Aziýada parahatçylygy, dialogy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan uly şahsy goşandyňyz, halkara gatnaşyklarda özara hormat goýmak ýörelgelerine eýermegiňiz ýokary baha mynasypdyr.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine işjeň ýardam bermegi, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen islendik başlangyçlary goldamagy maksat edinýändigimi tassyklaýaryn.

Jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Týerri MARIANI,

Ýewropa parlamentiniň Halkara söwda boýunça komitetiniň utgaşdyryjysy, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça wekiliýetiniň agzasy.

Soňky habarlar
04.10
Türkmenistanyň Prezidenti Çad Respublikasynyň Prezidentini gutlady
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissaryny kabul etdi
03.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
03.10
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
03.10
Ulag-kommunikasiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlyk giňeldilýär
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
02.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow