Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 01.10.2024
149

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi we Türkmenistanyň dostlukly halkyny Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ermenistan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara hormat goýýar hem-de olaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýär. Bilelikdäki tagallalarymyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürjekdigimize ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen mähirli gutlaglaryňyz hem-de iň gowy arzuwlaryňyz üçin hoşallyk bildirýärin.

Size berk jan saglyk, ähli gowulyklary, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Waagn Haçaturýan,

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermek mende uly kanagatlanma döredýär.

Türkmenistanyň halkynyň Garaşsyz we parahat döwletini gurmak hem-de ösdürmek baradaky wezipäni öňünde goýan döwründen bäri 33 ýyl geçdi. Awstriýa we Türkmenistan Bitarap ýurtlar bolmak bilen, özara hormat goýmaga, medeni gatnaşyklara esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýärler.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň abadançylygyňyz we Türkmenistanyň halkynyň bagtyýar geljegi baradaky iň gowy arzuwlarymy ibermäge rugsat ediň!

Hormatlamak bilen,

Aleksandr Wan der Bellen,

Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk, abadançylyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Filipp,

Belgiýanyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek, şeýle hem Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin örän ýakymlydyr.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan bilen Alžiriň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygymy tassyklamak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Abdelmajid Tebbun,

Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize iň gowy arzuwlarymy we mähirli gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan bilen Liwiýanyň arasyndaky gatnaşyklary ähli ugurlarda pugtalandyrmak üçin Siziň bilen bilelikde işlemäge taýýardygymyzy tassyklaýaryn.

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygymy beýan etmek bilen, dostlukly türkmen halkynyň rowaçlygy, abadançylygy ugrunda edýän tagallalaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Muhammad Ýunus Al-Manfi,

Liwiýanyň Prezident Geňeşiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Somali Federatiw Respublikasynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň halkyna mähirli gutlaglarymy iberýärin.

Bu baýramçylyk günlerinde ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga meýillidigimizi ýene-de bir gezek tassyklamak isleýärin. Goý, bu ajaýyp sene Türkmenistany mundan beýläk-de ösüşlere, üstünliklere ruhlandyrsyn! Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar has-da berkesin!

Milli baýram mynasybetli ýene-de bir gezek mähirli gutlaglarymy hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna iň gowy arzuwlarymy beýan etmek isleýärin.

Hasan Şeýh Mohamud,

Somali Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.

*** 

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Gruziýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de Size iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Şu dabaraly günde ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigimize umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygymy tassyklaýaryn hem-de ýurduňyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işleriňizde üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Salome Zurabişwili,

Gruziýanyň Prezidenti.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
02.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
02.10
Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça Guramaçylyk topary döredildi
02.10
Ýokary tehnologiýalar milli bilim ulgamynyň hyzmatynda
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ähli tagallalarymyzy Garaşsyz Watanymyzy gülledip ösdürmäge gönükdirýäris
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
30.09
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow