Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny ýurduň jar edilen güni bilen gutlady
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny ýurduň jar edilen güni bilen gutlady
Çap edildi 30.09.2024
2395

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we ýurduň ähli halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Gahryman Arkadagymyz hatynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen wagtyň synagyndan geçen dostluga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýändigini, döwletara dialoga mahsus bolan birek-birege ynanyşmagyň, açyklygyň ýokary derejesiniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp şertidigini belledi. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
08.11
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
08.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
08.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady
08.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
07.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
top-arrow