Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Çap edildi 27.09.2024
763

Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy giňden bellenilýär. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döretmek, öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň taryhynda ykbal çözüji sene bolup durýar.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýyl uly üstünliklere beslenýär. Şol üstünlikler halkymyzyň jebisligi, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy netijesinde gazanylýar. Şu gün bellenilýän uly baýram biziň her birimiz üçin aýratyn mana eýedir. Sebäbi ol özünde birnäçe ajaýyp taryhy wakalary jemleýär. Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede bellenilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan eden ösüşlerimiz we täze maksatlarymyz biziň öňümizde uly wezipeleri goýýar. Mähriban halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, geljek ýyl üçin bellenen sepgitlere hem abraý bilen ýetiljekdigine berk ynanýaryn. Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisindäki çykyşynda nygtady.

Asylly däbe görä, milli senenamamyzyň şanly senesi mynasybetli esasy dabaralar toý lybasyndaky köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Hökümet münberiniň öňündäki meýdançada Milli goşunymyzyň harby gullukçylary hatara düzüldiler.

Sagat 10:00. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow münberiň syn ediş ýerine barýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde harby sazlar ýaňlanýar. Ýygnananlar uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler.

Däp bolşy ýaly, baýramçylyk çäresi dabaraly harby ýöriş bilen badalga alýar. Onuň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy görkezilýär.

Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat bermegini haýyş edýär. Döwlet Baştutanymyz gözden geçirilişe başlamaga rugsat berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde esgerleriň, serkerdeleriň gulluk we ýaşaýyş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Ýaragly Güýçleriň düzümleri döwrebap tehnikalar, ýaraglar bilen üpjün edilip, olaryň işine sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Harby hem hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi iň täze tehnikalara ussatlyk bilen erk edýändiklerini, nazary, söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezmek bilen, döwletimiz tarapyndan edilýän yzygiderli aladalara mynasyp jogap berýärler. Olar öz borçlaryny ýerine ýetirenlerinde, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, çäk bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady, harby-strategik esaslaryny kesgitleýän goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň hukuk ýagdaýyndan, maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alýarlar.

...Dаbаrаly hаrby ýörişiň sеrkеrdеsi polkownik R.Aýazow goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden geçirilişe taýýardygy barada hasabat berýär. B.Gündogdyýew hasabaty kabul edip, awtoulagda goşun bölümleriniň öňünden geçip, dabaraly harby ýörişiň düzüm bölümleriniň esgerlerini mübärekleýär. Ýörişe gatnaşýanlaryň hatarynda ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň harby gullukçylary we harby talyplary, Milli goşunymyzyň esgerleridir serkerdeleri egin-egne berip durlar.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyrylýar. Mukaddes tugumyz asuda asmanymyzda parlap, hakyky watançylyk, ata Watanymyza çäksiz söýgi, halkymyzyň döredijilik ruhy ýaly mizemez gymmatlyklary alamatlandyrýar. 33 ýylyň dowamynda ýurdumyz Döwlet baýdagynyň astynda öz täze taryhyny ýazýar, öňegidişligiň, gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gidip, belent sepgitlere ýetýär, Garaşsyz we Bitarap döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýär.

...Meýdançada nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby talyplar Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk baradaky mukaddes kasamy aýdýarlar. Milli goşunymyzyň harby gullukçylary asyrlaryň dowamynda toplanyp, häzirki günlere ýetirilen şöhratly däpleri saklamak bilen birlikde, ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerine wepalydyklaryny iş ýüzünde tassyklaýarlar.

Däp boýunça, baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar. Olar dabaraly ýörişiň owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň baýdaklaryny göterip, münberiň öňünden ynamly gadamlar bilen geçýärler. Soňra münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary sazlaşykly gadam urup geçýärler. Hormat garawulynyň aýratyn batalýonynyň esgerleri dabaraly sazyň owazy astynda Döwlet baýdagyny, goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny meýdançadan alyp geçýärler.

Ýurdumyzyň ýaş harby gullukçylary, goşunlaryň ähli görnüşleriniň şahsy düzümi ady hemişe belentden tutulýan häzirki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň nusgasy bolup hyzmat edýän gaýduwsyz esger, döwlet Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk işlerinden mertlik göreldesini alýarlar.

Oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy, netijeli halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde ykrar eden Türkmenistan goranmak we ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmek häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany durmuşa geçirýär. Pederleriň asylly däplerini mynasyp dowam etdirijiler bolan ýaş harby hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň dabaraly açylmagy hem munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr. Mälim bolşy ýaly, bu harby mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, Watan goragçylarynyň gününe gabatlanyp, 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçirilipdi.

Zenan harby gullukçylar şu gezekki dabaraly harby ýörişiň bezegine öwrüldi. Olar ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Watanymyza wepaly gulluk edýärler. Olaryň yzysüre Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda gulluk edýän serkerdeler batalýony — harby we raýatlyk borjuny abraý bilen ýerine ýetirýän söweşjeň taýýarlygyň ussatlary geçýärler. Şolaryň hatarynda Milli goşunyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary bar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda bitewi harby bilim ulgamy döredildi. Onuň esasy wezipesi häzirki zaman tehnikalarynydyr enjamlaryny dolandyrmagyň başarnyklaryny ele alýan serkerdeleriň ýaş neslini kemala getirmekden ybaratdyr. Harby institutyň we Harby-deňiz institutynyň alyp barýan işleri hem öňde goýlan şol maksada ýetmäge gönükdirilendir. Bu harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-da meýdançadan nyzamly ädimler bilen geçýärler. Olardan soňra Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Serhet institutynyň talyplary münberiň öňünden sazlaşykly ýöräp geçýärler. Beýleki ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, bu institutlarda hem okuw-terbiýeçilik işleri häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.

Motoatyjylar batalýonynyň esgerleri-de ajaýyp taýýarlygyň we ýokary ussatlygyň nusgasyny görkezmek bilen, Watanymyzyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň üpjün edilmegine uly goşant goşýarlar. Olaryň yzy bilen asmanda Harby-howa güýçleriniň uçarmanlary peýda bolýarlar. Türkmen uçarmanlary Watanymyzyň asuda asmanyny ygtybarly goraýarlar. Soňra meýdançadan tankçylar batalýony geçýär. Olar häzirki zamanyň kuwwatly tanklaryny dolandyrmaga ussatlarça erk edýärler. Artilleriýa we asmana atyjylar diwizionlarynyň harby gullukçylary, deňiz-pyýada batalýony hem şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşdylar. Olar harby okuw-türgenleşik çäreleriniň dowamynda ýokary ussatlygyny görkezýärler.

Meýdança Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Türkmen edermen» diýlip at berlen Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň ýörite maksatly batalýonlarynyň esgerleri çykýarlar. Bu bölümiň harby gullukçylarynyň tapawutly aýratynlygy söweşjeň, nazary we beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden, batyrlykdan hem-de aýgytlylykdan ybaratdyr. Olar halkymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan Görogly beg, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Baýram han, Soltan Jelaleddin ýaly beýik söweşjeň serkerdelerimiziň şöhratyna mynasyp nesillerdir.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atly bölümleriniň baýramçylyk ýörişi dabaranyň aýratyn bezegine öwrüldi.

Türkmen halkynyň buýsanjy hem şöhraty bolan, ady rowaýata öwrülen ganatly bedewler täze taryhy döwürde döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe ymtylyşyň aýdyň nyşany bolup durýar. Köp asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleri gaýduwsyz ýigitlerimiziň wepaly ýoldaşy, baýramçylyklarda olaryň ýakyn dostlary bolupdyr. Gadym döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da behişdi bedewler Watan goragçylarynyň, hukuk tertibiniň goragynda duranlaryň ygtybarly kömekçileridir.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna gelip gowşan iň häzirki zaman harby tehnikalarynyň gözden geçirilişi türkmen döwletiniň goranyş ukybynyň ýokary derejesini, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmaga taýýardygyny görkezýär. Döwlet münberiniň meýdançasynda gurnalan ýörite uly ekran arkaly çärä gatnaşyjylar göni ýaýlymda Hazar deňzinde geçirilýän deňiz flotunyň baýramçylyk ýörişini synladylar.

Harby-deňiz güýçlerine gelip gowşan, döwrebap takyk ýaraglar bilen enjamlaşdyrylan «Deňiz han» atly korwet söweşjeň gämisi baýramçylyk gözden geçirilişini açýar. Onuň yzy bilen «Edermen», «Gaýratly» raketa gämileri dabaraly ýüzüşi dowam edýär. Olar ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün edýär. Tomaşaçylar ekranda “Galkan” kysymly serhet-gorag gämilerini synlaýarlar.

Soňra gezek Milli goşunymyzyň düzüminde duran döwrebap harby tehnikalara ýetýär. Meýdançadan gezekli-gezegine dürli kysymly goşunlaryň mehanizirlenen hatary geçip gidýär. Dabaraly harby ýörişiň öňüni «TITAN DS» kysymly sowutlanan harby awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümler üçin niýetlenen «ХР-1000» we «MV-850» kysymly kämil kwadrosikller hereket edýär. Soňra meýdança ýokary söweşjeň ýaraglar gurnalan «MRZR-2», «MRZR-4» kysymly harby awtoulaglar çykýar. Watan goragçylary «DAGOR» harby awtoulaglarynda öz wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary bilen geçýärler.

Harby tehnikalaryň gözden geçirilişi «Land Rover» we «Bars» kysymly ýeňil harby awtoulaglar, «NIMR», «Al SHIBL2» kysymly sowutlanan awtoulaglar bilen dowam edýär. «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlar bu awtoulaglar bilen sazlaşykly hereket edip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýärler. Baýramçylyk ýörişini “BTR-80A” kysymly sowutlanan tehnikalardyr pulemýotlar hem-de göçme asmana atyjy raketa toplumlaryny özünde jemleýän «TITAN-DS» we «KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar dowam edýär. 2-nji mehanizirlenen kerweniň öňüni «Taýfun» kysymly köpmaksatly sowutlanan harby awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «T-90S» tanklary, “BMP-2D”, “BMP-3” kysymly pyýada goşunyň döwrebap harby ulaglary geçýär.

Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde raketa we artilleriýa goşunlary kuwwatly öňdebaryjy tehnikalar bilen üpjün edilip, yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Munuň mysaly hökmünde bu goşun bölümlerinde ulanylýan artilleriýa goşunlarynyň «2S-1 Gwozdika» kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalaryny görkezip bolar. Şol tehnikalar münberiň öňünden geçýär. Soňra meýdançadan «KamAZ» kysymly awtoulagyň çekijisine ýüklenen «D-30» görnüşli toplar, «BM 21A BELGRAD» hem-de «Smerç» kysymly reaktiw ulgamlar geçýär. Olar ýokary söweşjeň mümkinçiligi, takyklygy we kuwwaty bilen tapawutlanýar.

Meýdança üçünji kerweniň tehnikalary çykýar. Olaryň başyny «TITAN DS» kysymly harby awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerine täze gelip gowşan, «KLTV-181» kysymly köpmaksatly söweşjeň harby awtoulaglar, pesden uçýan uçarlar we dikuçarlar, «ZU-23-2» kysymly sowutlanan ulaglar geçýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly harby ýörişe «Baýraktar TB2» we «Falko» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjamlar hem gatnaşýar. Şeýle-de dabara gatnaşyjylara «SKY STRIKER» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjam, «Orbiter-2B», «CW-15D» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar, «QW-12» görnüşli elde göterilýän asmana atyjy raketa toplumy, «LDC-00» kysymly radarly serkerdelik dolandyryş ulgamy görkezildi.

Harby gözden geçiriliş «Rode Şwars» kysymly aragatnaşyk toplumy oturdylan «Land Rover» we «SwellPro Spash Drone 4» uçarmansyz uçýan enjamly, «MAN» kysymly harby awtoulaglaryň geçmegi bilen dowam edýär. Häzirki wagtda olar ýurdumyzyň howa giňişligini ygtybarly goraýarlar. Olaryň yzy bilen «KS-1A», «FD-2000», «Peçora-2BM», «FM-90» kysymly iň kämil asmana atyjy raketa toplumlarynyň kerweni barýar.

Soňra meýdançadan dördünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde Döwlet serhet gullugynyň “KIA KLTV 141” kysymly harby awtoulaglary hem-de “Motowezdehod” kysymly häzirki zaman motoulaglary geçýär. Münberiň öňünden üstünde merdana serhetçiler hem-de olaryň wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary oturan “Toyota Hilux” awtoulaglary geçýärler. Olaryň yzy bilen «KIA KLTV 141» hem-de «Cobra» kysymly köpmaksatly, sowutlanan söweşjeň awtoulaglar barýar. Bu ulag serişdeleri Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramakda netijeli ulanylýar.

Dabaraly harby ýörişden Serhet goşunlarynyň «Mantra» kysymly awtoulagynda 120 mm kalibrli minomýotlar, «KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar geçýär. Ýörişi “IVECO” awtoulaglary dowam edýär. Olaryň binýadynda pesden uçýan howa nyşanlaryny ýok etmek üçin niýetlenen “ZU-23” kysymly asmana atyjy raketa toplumlary, «Simbat» raketa uçurma ulgamy, “Orbiter 2B” kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar ýerleşdirilendir.

Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary motoulaglarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly toýunyň hormatyna «33» ýazgyny emele getirip geçýärler. Bäşinji mehanizirlenen kerweniň düzüminde «IVECO M65» kysymly ýörite enjamlaşdyrylan sowutlanan söweşjeň awtoulagy, «Storm-Rider» söweşjeň awtoulagy, «Lazar III» kysymly sowutlanan tehnikalar görkezildi. Altynjy mehanizirlenen kerweniň başyny «TITAN DS» kysymly sowutlanan täsin awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen Içeri işler ministrliginiň «FORD HENNESSEY» kysymly awtoulaglary geçýär. IIM-niň işgärleriniň garamagynda «FORD ATLAS», «Toyota Tundra», «GMC Sierra», «PMV Survivor II» we «INKAS SENTRY» kysymly ýeňil sowutlanan awtoulaglar hem bar. Olar halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny, jemgyýetçilik düzgün-tertibini goldamaga hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýöriş howa giňişliginde dowam edýär. Howadaky dabaraly ýörişi «Mi-17W-5» kysymly dikuçarlar açýar. Olar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini howadan goldamak, goşunlary, harby tehnikalary daşamak üçin niýetlenendir. Içeri işler ministrliginiň «Eurocopter-145» hem-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Eurocopter-365» kysymly dikuçarlary asman giňişliginde harby ýörişi dowam edýär. Bu dikuçarlaryň her biri ýokary söweşjeň häsiýetnamalary bilen tapawutlanýar. Döwlet serhet gullugynyň «Agusta-109», «Agusta-139» kysymly häzirki zaman dikuçarlary hem tomaşaçylara görkezildi.

Baýramçylyk harby gözden geçirilişine «A-29 Super Tucano» kysymly söweşjeň uçarlar hem gatnaşýar. Bu tehnikalaryň maksady guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini dürli howa şertlerinde gije-gündiz ot açyş bilen goldamakdan ybaratdyr. Olaryň yzy bilen «С-27J Spartan» kysymly häzirki zaman harby-ulag uçary, «Su-25» kysymly söweşjeň uçarlar geçýär. Türkmen uçarmanlary söweşjeň uçarlary we dikuçarlary ussatlyk bilen dolandyryp, ýokary hünär derejelerini görkezýärler. Bu bolsa Watanymyzyň asmanynyň asudalygyny goramagyň ygtybarly ellerdediginiň güwäsidir. Şu gün görkezilen häzirki zamanyň iň kämil harby howa tehnikalarynyň hatarynda islendik howa şertlerinde, dürli belentliklerde, guryýer ýa-da deňiz çäklerinde, daglyk ýerlerde uçmaga ukyply «M-346» kysymly uçarlar-da bar. Harby-howa güýçleriniň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu tehnikalar howa giňişliklerini goramaga, aňtaw işlerini alyp barmaga, guryýer goşunlarynyň söweşjeň hereketlerini goldamaga niýetlenendir.

Dabaraly harby ýörişde görkezilen iň döwrebap ýerüsti, deňiz we howa tehnikalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine yzygiderli üns berýändigini aýdyň görkezýär.

Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky baýramçylyk gözden geçirilişini Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýony dowam edýär. Bu düzümiň esgerleri ellerindäki ýaraglary bilen nyzam emellerini ýerine ýetirmekde ýokary ussatlygyny görkezdiler. Meýdançada Gündogaryň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň eteginde bina edilen heýkeliniň hem-de Garaşsyzlyk binasynyň şekilleri emele getirilýär. Soňra gaýduwsyz Watan goragçylary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesini alamatlandyrýan “33” sany şekillendirýärler. Ýurdumyzyň şanly baýramy mynasybetli ajaýyp sazly sowgady taýýarlan we milli sungatymyzyň gaýtalanmajak eseri bolan türkmen haly gölüniň şekilini emele getiren Birleşen harby orkestriniň joşgunly çykyşy harby ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy.

...Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli giň gerimli dabara dowam edýär. Döwrebap sanly tehnologiýalaryň we telekommunikasiýalaryň mümkinçilikleri watandaşlarymyzyň, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň bu dabara göni ýaýlymda tomaşa etmeklerini üpjün edýär.

Bu ýerde milli lybasdaky iki çapyksuwar ajaýyp ahalteke bedewini meýdança çykarýar. Şaý-sepler bilen bezelen at esbaplary behişdi bedewiň gözelligini, beden gurluşyny açyp görkezýär. Dowamly atly bu ajaýyp bedew Käkilik we Mertebeli diýen atlaryň neslindendir. Ady rowaýata öwrülen naýbaşy ahalteke tohumyna degişli bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda hemişelik aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sowgat berilýär.

Türkmen halkynyň hem-de umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan ganatly bedewler gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Bu ajaýyp gyr bedew meýdançada buýsanç bilen gezim edip, dabara gatnaşyjylarda we myhmanlarda ýakymly duýgulary döretdi.

Soňra elinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bolan türkmen çapyksuwarlarynyň ýörişi başlanýar. Gadymy döwürlerden bäri behişdi bedewler halkymyzyň ähli baýramçylyklarynyň bezegidir. Bedewler täze taryhy döwürde milli taryhymyzyň janly nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň beýanyna öwrüldi.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplary Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimize sowgat edilip, soňra döwlet Baştutanymyz tarapyndan bu ýokary okuw mekdebine berlen bedewlerde dabaraly geçýärler. Meýdança çykarylan ajaýyp dor at çarpaýa galyp, münberiň öňünden geçýär. Diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda-da şöhrat gazanan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary tarapyndan ýurdumyzyň baş baýramçylygy mynasybetli görkezme çykyşlary taýýarlanyldy. Çapyksuwarlaryň at üstünde ussatlarça ýerine ýetirýän tilsimleri, çylşyrymly akrobatik hereketleri tomaşaçylary haýran galdyrdy.

Atlylaryň çykyşlary we baýdakly çapyksuwarlaryň ýörişi ornuny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly sahnalaşdyrylan edebi-sazly çykyş bilen çalyşdy. Meýdança tans toparlary, türkmen halkynyň, şeýle hem dünýäniň beýleki halklarynyň görnükli şahsyýetleriniň keşplerini janlandyrýan teatr artistleri çykdylar. Olar häzirki nesillere watançylyk mazmunyndaky goşgy setirleri we aýdymlar bilen ýüzlenýärler.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular açýarlar. Meýdançadan milli nyşanlar bilen bezelen awtoulag platformasy geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan demokratik özgertmeler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu işlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna, Mejlise we jemgyýetçilik guramalaryna möhüm orun degişlidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” we “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Munuň özi milli medeni mirasymyzy aýawly saklamagyň, öwrenmegiň hem-de ony geljek nesillere ýetirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde bu şanly senäniň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen möhüm çözgütler agzybir halkymyzy täze üstünliklere, zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy.

Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň häkimliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulag platformasy meýdança çykýar. Mälim bolşy ýaly, gurluşygynda öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa hem-de ekologik taýdan arassa tehnologiýalar giňden ulanylan bu täsin “akylly” şäheri döretmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.

Adamlaryň ýaşamaklary üçin has amatly şertler döredilen bu täze şäheriň köp sanly halkara sylaglara mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Şeýlelikde, Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» sergisinde Arkadag şäheri birbada üç baýraga mynasyp boldy: olar “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly baýraklardyr. Şunda “Iň tapawutlanan “akylly” şäher” diýen baýrak bilen diňe Arkadag şäheri sylaglandy. Bu täsin şäher dünýäniň şähergurluşyk we inženerçilik-tehniki tejribesiniň ähli innowasion hem-de öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýär. Häzirki wagtda halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilen “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşygy dowam edýär. Onuň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärligiň we dizaýnyň öňdebaryjy meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde bina edilen ajaýyp şähere “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly aýdym we tans kompozisiýasy bagyşlandy.

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şanyna gutlaglar ýaňlanýar. Soňra Aşgabat şäher häkimliginiň paýtagtymyzyň binagärlik nyşanlary bilen bezelen awtoulag platformasy Döwlet münberiniň öňünden geçýär. Paýtagtymyz sebitiň we dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi yzygiderli özgerýär, infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar, durmuşyň ähli ugurlaryna ösen sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şunda ekologiýa ugruna aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýyl Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbiniň üsti dürli maksatly täze binalar bilen ýetirilýär. Baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli paýtagtymyzda, tutuş ýurdumyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi asylly däbe öwrüldi. 1-nji sentýabrda bolsa Aşgabatda şäher häkimliginiň toplumynyň binasy açyldy. Paýtagtymyzyň binagärlik, inženerçilik-tehniki çözgütleriniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan birnäçe desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle hem Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigini bellemek gerek.

Soňra dabaraly ýöriş ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän awtoulag platformalarynyň toparynyň geçmegi bilen dowam etdi. Suratly pannolarda dünýä belli taryhy binagärlik ýadygärlikleri, häzirki döwrüň iri desgalary, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde ýerleşýän binalaryň şekilleri görkezilýär. Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde sebitleriň durmuş-medeni, ykdysady infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Olaryň her biri mähriban Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýar. Hormatly Prezidentimizi we dabaranyň köp sanly myhmanlaryny awtoulag platformalarynda barýan ýaşulular, ýaş nesliň wekilleri mübärekleýärler. Joşgunly aýdym-sazlar, asmana göterilýän köpöwüşginli şarlar aýratyn baýramçylyk ruhuny döredýär.

Baýramçylyk ýörişini saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri dowam etdirýärler. Raýatlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky alada döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Soňky ýyllarda milli saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejä çykdy we raýatlara halkara standartlara laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterli bolmagyny üpjün etdi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we ugurdaş infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, derman senagatyny ösdürmek maksatlaryna gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda, ýurdumyzyň welaýatlarynda bu pudaga degişli öňdebaryjy ýöriteleşdirilen enjamlar, iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap desgalar guruldy. Şunuň bilen birlikde, şypahana-dynç alyş infrastrukturasy hem giňeldilýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilýär we netijeli tejribe alşylýar. “Il saglygy — ýurt baýlygy” şygary astynda durmuşa geçirilýän bu köpugurly işler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagynda öz mynasyp beýanyny tapdy.

Soňra Döwlet münberiniň öňünden Bilim ministrliginiň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary, bu ulgamyň wekilleri, ýaş nesiller geçýärler.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri bu ulgamy halkara standartlaryň derejesine çykarmaga mümkinçilik döretdi. Bilimiň we ylmyň döwletiň hem-de jemgyýetiň ösüşiniň esasyny düzýändigi aýdyň hakykatdyr. Ylmy we tehnologiýany ösdürmek, ýurdumyzyň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmak, giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ugurdaş maksatnamalary we konsepsiýalary durmuşa geçirmek, hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek täze taryhy döwürde Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň abraýly halkara bäsleşiklerde, ders olimpiadalarynda gazanýan üstünlikleri bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda täze, döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyş dabaralary boldy. Şu ýyl paýtagtymyzda geçirilen «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy ýurdumyzda ýaş nesliň aýratyn alada we söýgi bilen gurşalandygyny aýdyňlygy bilen tassyklady. Aýdymçylaryň, çagalar döredijilik we tans toparlarynyň ýerine ýetiren “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kompozisiýasy ählihalk baýramyna ajaýyp sowgat boldy.

Meýdança Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagy, köp sanly türgenler çykýarlar. Şolaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleriniň ussatlary, milli we halkara derejedäki ýaryşlaryň ýeňijileri, olaryň tälimçileri bar. Öňdengörüjilikli döwlet strategiýasynyň netijesinde, häzirki wagtda milli sport ulgamy hil taýdan täze derejelere çykdy. Türkmenistanda sport bilen meşgullanmak, türgenleriň başarnyklaryny kämilleşdirmek, tälimçileriň we beýleki hünärmenleriň işlemekleri üçin ähli şertler döredilýär. Netijede, türkmen türgenleri dürli abraýly halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler we medallara mynasyp bolýarlar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 24-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Aşgabat “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy we Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi. Bularyň ählisi dünýäniň sport giňişliginde Watanymyzyň abraýynyň yzygiderli artmagyna ýardam berýär.

Meýdançadan Türkmenistanyň ykdysadyýet ulgamynyň gazananlaryny we üstünliklerini şöhlelendirýän bezegler bilen bezelen awtoulag platformasy hereket edýär. Döwlet münberiniň öňünden milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň wekilleri geçýärler. Olar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşyladylar. Däp bolşy ýaly, bu şanly senäniň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirildi. Köpugurly sergi ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça döwlet strategiýasynyň, milli maksatnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň, innowasion taslamalaryň netijelerini aýdyň görkezdi. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary ýerine ýetirilen işler, gazanylan üstünlikler barada özboluşly “hasabaty” hödürlediler. Baýramçylyk ýörişi ykdysadyýetiň pudaklarynyň her biriniň ýeten sepgitleri baradaky teswir bilen utgaşýar.

Meýdançadan gurluşyk-senagat toplumynyň işgärleri geçýärler. Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş şygarydyr. Muňa täzeçil şähergurluşyk strategiýasy hem şaýatlyk edýär. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, obalaryň we şäherleriň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, gurluşyk senagatynyň toplumlaýyn ösdürilmegi düýpli döwlet goldawyna eýedir. Ýurdumyzda bar bolan awtomobil ýollaryň durky täzelenilýär hem-de täzeleri gurulýar. Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň hem-de Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň awtoulag platformasynyň bezeginde öz beýanyny tapdy.

Soňra Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işgärleri ýeten sepgitlerini görkezýärler. Olaryň kärhanalary ýerli çig mal esasynda ýokary hilli, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri, şol sanda gurluşyk, timarlaýyş serişdeleriniň, mineral dökünleriň, beýleki himiki önümleriň dürli görnüşlerini öndürýärler. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde senagat infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar we giňeldilýär. Muňa şu ýyl Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Lebap, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden sement zawodlarynyň ikinji tapgyrlarynyň ulanmaga berilmegi-de anyk mysaldyr. Bu kärhanalaryň hersiniň kuwwaty ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenendir.

Soňra meýdançadan Energetika ministrliginiň awtoulag platformasy geçýär. Täze taryhy döwürde döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda elektroenergetika pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, diňe bir içerki sarp edijileri doly we üznüksiz üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini hem yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýän ygtybarly ugurdaş infrastrukturany döretmek boýunça yzygiderli işler dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça giň gerimli taslamanyň başy başlandy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji iýunynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze asma elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasy boldy. Munuň özi bu taslamanyň üçünji — ahyrky tapgyrynyň tamamlanandygyny alamatlandyrdy. Netijede, Türkmenistanyň energiýa zynjyrlaryny bir halka birleşdirýän elektroenergetika ulgamy emele geldi.

Elektrik energiýasynyň eksporty we onuň iberilýän ugurlarynyň giňeldilmegi barada aýdylanda, bu ugurda ýurdumyz sebit hem halkara ähmiýetli taslamalaryň başyny başlap, olary durmuşa geçirýär. 11-nji sentýabrda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekedi işe girizildi. Ýurdumyzda ekologik taýdan arassa energiýany we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini iş ýüzünde peýdalanmak ulgamynda-da yzygiderli işler alnyp barylýar.

Soňra dokma we halyçylyk pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezilýär. Döwletimiz tarapyndan pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge uly üns berilýär. Bar bolan kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar, ýerli çig mal esasynda ýokary hilli önüm öndürýän täze kärhanalar gurulýar. Dokma senagaty ministrliginiň we “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň awtoulag platformasynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän dürli önümler şöhlelendirilýär. Olaryň arasynda gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde meşhur bolan ajaýyp türkmen halylary-da bar. “Dokmaçylar” folklor-etnografiýa toparynyň ýerine ýetiren “Alkyşnama” atly aýdymy we tans kompozisiýasy dabaraly ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy.

Meýdança Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň awtoulag platformalary çykýar. Bu düzümleriň alyp barýan işi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, türkmen önümlerini dünýä bazaryna çykarmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýar. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem häzirki zaman bazar gatnaşyklary bilen ýokary netijeli ykdysadyýeti döretmekdir. Şoňa görä, hususy pudagy höweslendirmäge we goldamaga, pudagyň wekilleriniň netijeli iş alyp barmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda türkmen telekeçileri dürli ugurlarda öndürijilikli zähmet çekýärler, sarp ediş harytlaryny öndürmekde, gurluşyk pudagynda, hyzmatlar ulgamynda ösen tehnologiýalary üstünlikli özleşdirýärler. Kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermekde, bäsdeşlige ukyply, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uly orun degişlidir.

Häzirki wagtda ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek okgunly durmuş-ykdysady ösüşiň, sebit we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şertidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşiniň — deňiz, demir ýol, awtomobil, howa ulaglarynyň we aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýolagçy, ýük daşamalaryny kämilleşdirmek, maglumat-kommunikasiýa torlaryny ösdürmek, öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, pudagyň infrastrukturasyny täzelemek boýunça maksatnamalaýyn işler ýaýbaňlandyrylýar. Döwlet münberiniň öňünden «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary», “Türkmenaragatnaşyk» agentliklerine wekilçilik edýän bezelen awtoulag platformalary hem-de bu toplumyň wekilleri geçýärler.

Türkmenistanyň Ýewraziýa we transkontinental aragatnaşyk ýollarynyň strategik çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşişini göz öňünde tutup, ýurdumyzyň üstaşyr ulag, logistika mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, şu aýda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy boldy, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berildi, şeýle hem Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbi tutuldy.

Döwlet münberiniň öňünden milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumynyň işgärleri geçýärler. Meýdançadan “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň awtoulag platformalary hereket edýär.

Türkmenistan energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýär. Şunda gazyp alýan, gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatyny artdyrmaga, ýokary hilli önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän innowasion önümçilikleri döretmäge, energiýa serişdelerini eksport etmek üçin köpugurly turbageçiriji infrastrukturany emele getirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikleri açýar. Bu ugurda ýurdumyz giň gerimli taslamalaryň başyny başlaýar we olary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem bar. 11-nji sentýabrda Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň, TOPH taslamasynyň möhüm tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Bu giň gerimli taslama ykdysady ugur bilen bir hatarda, wajyp durmuş wezipelerini çözmekde-de uly ähmiýete eýedir. Aýdymçylaryň we tans toparlarynyň ýerine ýetiren “Nebit-gazly jan Watanym” atly kompozisiýasy hem şanly toýa bagyşlandy.

Soňra meýdançadan Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, bank pudagyna wekilçilik edýän awtoulag platformalary geçdi. Watanymyzy yzygiderli ösdürmekde, maýa goýum işjeňliginiň artmagynda olara möhüm orun degişlidir. Milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda bu pudagy döwrebaplaşdyrmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler görülýär. Bank hyzmatlary ulgamyna sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar, olaryň gerimi giňeldilýär, elektron töleg ulgamy kämilleşdirilýär we nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi artdyrylýar. Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, olaryň çäklerinde guralan ugurdaş sergiler şu ýylyň möhüm wakalary boldy. Bu iri çäreler Türkmenistan bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak babatda oňat mümkinçilikleri döretdi.

Oba hojalyk ministrliginiň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary we pudagyň işgärleri dabaraly ýörişi dowam edýärler. Azyk bolçulygyny pugtalandyrýan Türkmenistan ýylyň-ýylyna oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrýar, pudagyň infrastrukturasy kämilleşdirilýär, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalary we enjamlary yzygiderli satyn alynýar. Ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze suw howdanlaryny gurmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Şunda ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletimiz oba hojalyk işgärleriniň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döredýär. Şu ýyl türkmen gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edip, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň hem “ak altynyň” bereketli hasylyny ýygnamagyna garaşylýar.

Dabara medeniýet ulgamynyň işgärleriniň ýörişi bilen jemlendi. Ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň ösdürilmegine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, döredijilik işgärleriniň öz ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaklary üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Halkymyzyň milli gymmatlyklary tutuş dünýäde giňden wagyz edilýär we halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýär. Türkmen halkynyň sungatynyň we senetçiliginiň birnäçe görnüşleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýär. Şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy we şahyryň beýikligi 60 metre ýetýän ýadygärligi açyldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, Änew şäherini bolsa “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan etdi. Bu şanly wakalar mynasybetli ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşarda dürli çäreler geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy beýik söz ussadynyň eserleriniň umumadamzat ähmiýetine eýedigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby hem gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseriniň, şeýle hem “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň çap edilmegi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka öwrüldi. Arkadag şäherinde üstünlikli geçirilen Medeniýet hepdeligi hakyky döredijilik baýramçylygy bolup, oňa gatnaşyjylara we myhmanlara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady.

Diýarymyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän aýdymçylaryň we tans toparlarynyň ýerine ýetiren “Gutly bolsun Garaşsyzlyk baýramy!” atly kompozisiýasy Döwlet münberiniň öňündäki dabaralaryň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Artistler çykyşynda mähriban Watanymyzy, agzybir türkmen halkyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy wasp etdiler.

Paýtagtymyzda badalga alan baýramçylyk dabaralary tutuş ýurdumyzda dowam edip, ildeşlerimiziň kalbyny şatlyk hem-de buýsanç duýgulary bilen doldurdy. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 33 ýyllygy mynasybetli dabaralar “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen konsert bilen jemlendi. Bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünde meşhur hem-de ýaş artistler, folklor-tans toparlary çykyş etdiler. Konsert tamamlanandan soňra, baýramçylyk feýerwerki Aşgabadyň gijeki görnüşlerini bezedi.

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady
07.10
Çopanow N.Ö. hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
07.10
N.P.Handurdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
07.10
Döretmek we gurmak — döwletiň hem jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şerti
07.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
07.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 395 müň dollaryndan gowrak boldy
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
07.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow