Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “СLAAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “СLAAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Çap edildi 26.09.2024
1789

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “СLAAS” kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen geçiren duşuşygynyň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzeriň belleýşi ýaly, “СLAAS” kompaniýasy ýurdumyz bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga buýsanýar we ýola goýlan netijeli işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge üýtgewsiz gyzyklanma bildirýär.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekläp hem-de gutlaglary, hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, onuň bu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyna, “СLAAS” kompaniýasynyň türkmen bazarynda alyp barýan işlerine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz köp ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Türkmenistan bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda netijeli häsiýete eýedigi aýdyldy. Şunda özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda maýa goýum ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy.

Germaniýanyň esasy kompaniýalarynyň birnäçesiniň, şol sanda oba hojalyk enjamlaryny iri öndürijileriň biri bolan “СLAAS” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda üstünlikli işleýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we “СLAAS” kompaniýasynyň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
05.07
Ahalteke bedewi — halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň nyşany
04.07
Täze ugurly senagat önümçiligi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
03.07
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
03.07
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
03.07
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
02.07
Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy
top-arrow