Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 26.09.2024
1913

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ogly, Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany kabul etdi.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekläp, ony Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde myhmansöýer türkmen topragynda kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy we şanly sene mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşyp, türkmen halkynyň şatlygyny paýlaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we kakasy — Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny, halkymyza abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny hem-de şanly sene mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamyny hem-de berk jan saglyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň ýolbaşçysy bilen Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasynda bolan duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşler häzirki döwürde iki dostlukly ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary derejede alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Halklarymyzyň umumy medeni-ruhy mirasy we gymmatlyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin berk esas bolup durýar.

Milli Liderimiz sporty ösdürmek bilen bagly mesele barada durup geçip, Türkmenistanyň dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde baý tejribesiniň bardygyny nygtady. Ýurdumyz halkara sport hyzmatdaşlygy ulgamyna işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde çykyş edýär. Paýtagtymyzdaky döwrebap Olimpiýa şäherçesinde geçirilýän halkara derejeli ýaryşlar muňa aýdyň mysal bolup durýar. Türkmenistanda sportuň dürli görnüşleri boýunça ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Şunda ahalteke bedewleriniň halkara derejeli çapyşyklar bilen bir hatarda, konkur bäsleşiklerine hem işjeň gatnaşýandygy bellenildi. Bu bolsa sportuň ähli görnüşleri boýunça edilýän tagallalaryň oňyn netijä eýe bolýandygyny görkezýär. Muny türkmen türgenleriniň dürli derejedäki halkara ýaryşlardaky üstünlikleri hem tassyklaýar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işlerinde uly üstünlikleri, iki doganlyk halka bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňra Gahryman Arkadagymyz myhmana baýramçylyk sowgady hökmünde türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen alabaýlary gowşurdy. Bilal Ärdogan alabaýlary aýratyn hormat duýgusy bilen kabul etdi we Milli Liderimize iki doganlyk halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň nyşanyna öwrülen alabaýlary sowgat berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

***

Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda bina edilen Arkadag şäherine baryp gördi hem-de bu ýerde gurlan dürli maksatly desgalar, netijeli zähmet çekmek, ilatyň amatly ýaşamagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Bu ýerde ekologik talaplaryň hasaba alnyp, innowasion çözgütleriň peýdalanylmagy myhmanda aýratyn täsir galdyrdy.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow