Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Çap edildi 26.09.2024
1663

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buigi, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buigi we “Buig Batiman International” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andreni kabul etdi.

Meşhur fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçylary wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýetip gelen milli baýram — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar we ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz myhmanlary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda mähirli mübärekläp, gutlaglarydyr hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Indi ençeme ýyllaryň dowamynda “Buig” kompaniýasy türkmen bazarynda üstünlikli işleýär. Şu geçen ýyllarda kompaniýa özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Onuň durmuşa geçiren taslamalary hil babatda halkara standartlara doly laýyk gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu gezekki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde, “Buig” kompaniýasynyň Türkmenistandaky işiniň anyk ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz kompaniýanyň Türkmenistanda soňky 30 ýylyň dowamynda alyp baran giň gerimli taslamalaryna ýokary baha berip, geçen döwrüň içinde köp işleriň ýerine ýetirilendigini kanagatlanma bilen belledi. “Buig” kompaniýasy öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli amala aşyrýar, bilelikdäki taslamalar bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, gurluşyk, senagat kuwwatynyň artmagyna saldamly goşant goşmak bilen, şäher bezeginiň nusgalarynyň örän baýdygyny görkezýär. Türkmenistan hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr we uly önümçilik kuwwatyna eýe bolan kompaniýalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardyr. “Buig” kompaniýasy hem şolaryň hatarynda mynasyp orny eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ynanyşmak, özara bähbitlilik esasynda guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewürler bildirilen ýokary ynam we hemmetaraplaýyn goldaw üçin hoşallyk bildirip, “Buig” kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar. Bellenilişi ýaly, kompaniýa mundan beýläk-de üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryna berk eýermek bilen, özüne ynanylan taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary eder.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda oňat mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, türkmen tarapynyň däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylary birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, toplanan oňyn tejribäni, täze taryhy döwrüň uly wezipelerini nazara almak bilen, bilelikdäki işiň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
18.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
17.07
Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip
16.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
16.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
16.07
Halklary ýakynlaşdyrýan köpri
15.07
Döredijilik we ösüş ýoly bilen belent sepgitlere tarap
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
top-arrow