Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine
Çap edildi 24.09.2024
1981

Hormatly medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri!

Sizi baky Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy, şeýle hem döwlet sylaglary bilen sylaglanmagyňyz we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz bedew batly beýik ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň gazanýan uly üstünlikleri döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da artdyryp, agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmaga şert döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara we demokratik ýörelgelere ygrarlydygymyzy ýene-de bir gezek açyp görkezýär.

TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyl «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheri bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende göterilýändigini subut etdi.

Hormatly adamlar!

Biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny eziz Diýarymyzda hem-de daşary ýurtlarda giňden belläp geçýäris.

Dana şahyryň baý edebi mirasy halkymyzyň milli gymmatlygydyr. Şahyryň döwletlilik, agzybirlik, erkinlik baradaky arzuwlary Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna we Watanyna bolan beýik söýgüsi esasynda hasyl boldy. Bu günki gün bagtyýar halkymyz ajaýyp döwürde öz parasatly Milli Liderine hem-de akyldar şahyryna guwanyp ýaşaýar. Hormatly Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasly başlangyjy bilen Köpetdagyň eteginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň 60 metr belentlikdäki ýadygärligi we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy şu ýylyň maý aýynda dabaraly ýagdaýda açyldy.

Biz ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän döwrebap eserlerine aýratyn ähmiýet berýäris. Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny giňden wagyz etmekde, döwlet berkararlygymyzyň binýadyny berkitmekde ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, dramaturglaryň, suratkeşleriň, kompozitorlaryň, bagşy-sazandalaryň, kino we teatr, medeni aň-bilim işgärleriniň hyzmatlary uludyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşige medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri öz kämil eserleri bilen gatnaşýarlar. Häzirki döwürde türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmekde bu gözden geçiriliş möhüm ähmiýete eýedir. Biz geljekde-de bu bäsleşigiň gadyr-gymmatyny artdyrmak, onuň çäklerinde täze bäsleşikleri yglan etmek, döredijilik işgärlerini maddy taýdan goldamak babatda giň gerimli işleri alyp bararys.

Hormatly medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri!

Çeper eserler halkyň ruhy baýlygydyr. Manyly sözüň gudraty we täsiri ynsan kalbynda ýagşy işlere söýgi döredýär. Ýurdumyzyň şahyrlarynyň baýramçylyk dabaralarynda okaýan şygyrlary raýatlarymyzyň eziz Diýarymyza buýsanjyny artdyrýar. Bagşy-sazandalarymyzyň şanly senelerimizde ýerine ýetirýän ajaýyp aýdym-sazlary göwünleri ganatlandyrýar. Ussat suratkeşleriň eserleri bolsa kämillige çagyrýar. Ýurduň döredijilik kuwwaty medeniýet ulgamynda gazanylýan beýik ösüşler bilen kesgitlenilýär. Hut şoňa görä-de, biz medeniýet ulgamyny ösdürmäge hem-de goldamaga hemişe uly üns bereris.

Hormatly adamlar!

Sizi Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy, döwlet sylaglary bilen sylaglanmagyňyz hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglygyny, bagtyýarlygy hem-de döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
30.07
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili
30.07
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýady pugtalandyrylýar
30.07
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
29.07
Halkymyzyň abadançylygy we Watanymyzyň rowaçlygy — giň gerimli wezipeleriň baş maksady
29.07
Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
29.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy
top-arrow