Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Halkymyzy we mähriban Watanymyzy wasp edip
Medeniýet
Halkymyzy we mähriban Watanymyzy wasp edip
Çap edildi 22.09.2024
307

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly, Arşa göterilýär halkyň ykbaly» atly konsert geçirildi. Onda sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylary, meşhur folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary çykyş etdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek boýunça başlangyçlaryny dowam etdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda döwlet ähmiýetli wakalar şatlyk we ruhubelentlik ýagdaýynda geçýär. Munuň şeýledigine şu konsertiň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Konsert maksatnamasy «Halkymyzyň çüwen bagty Arkadagly Serdarym» atly aýdym bilen açyldy. Aýdymda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler öz beýanyny tapdy. Soňra dabara ussat aýdymçylar tarapyndan ýerine ýetirilen «Ak ýollaryň şamçyragy Arkadagly Gahryman Serdarymyz» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen dowam etdi. Onda halkymyzyň döwlet Baştutanymyza buýsanjy şahyrana dilde beýan edildi.

Dabara Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş türkmenistanlylaryň çykyşlary aýratyn öwüşgin çaýdy. «Bagtyýarlyk aýdymy» atly aýdym-sazly tans kompozisiýasy şatlyk-şowhuna beslenip, onda «Güneş» çagalar hory, «Ruhubelent çagalar», «Şowhun» çagalar tans toparlary zehinini görkezdiler. Konsert maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baý öwüşginleri, onuň görnüşleriniň, döredijilik mekdepleriniň köpdürlüligi öz beýanyny tapdy. Sahna bezegi, sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary, joşgunly tanslar tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Çünki olarda türkmen halkynyň ösüşiň täze tapgyryna gadam basan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan buýsanjy şöhlelenýär.

Aýdym-sazly dabara meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlar Türkmenistanyň okgunly ösüşlerini görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy. Ýerine ýetirilen «Ýaşa, ýaşa, ýaşa Siz, uzak ýaşaň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!», «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly», «Uzak ýaşaň, Arkadagly Serdarymyz!» atly aýdymlar dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň milli medeniýeti ösüşiň täze derejesine çykdy. Türkmen halkynyň ruhy mirasy, onuň edebiýaty, sungaty dünýä medeniýetiniň hazynasynda mynasyp orun alyp, döwrüň ruhuna laýyklykda baýlaşdyrylýar. Şu günki konsert hem munuň aýdyň mysalyna öwrüldi. Sungat ussatlarynyň ýürek joşguny, yhlasy we zehini tomaşaçylaryň goldawyna mynasyp boldy. Aýdym-saz sungatynyň ussatlary bilen bir hatarda, sungat ýoluna ýaňy gadam basan ýaş ýerine ýetirijiler hem çykyş etdiler. Olar liriki eserleri, köpçüligiň söýgüsini gazanan halk aýdymlaryny, täze eserleri ýerine ýetirdiler. «Laçyn», «Näzli», «Serpaý», «Galkynyş», «Meňli» tans toparlarynyň ýokary çeperçilikdäki tanslary tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen “Aşgabat” atly aýdym konsertiň şowhunyny has-da belende göterdi. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň birleşen folklor-tans toparlarynyň «Bäş welaýat — bäş dogan alkyşlaýar Arkadagly Serdary» atly göwün göteriji çykyşy her bir güni beýik ýeňişlere, zähmet üstünliklerine, umumymilli dabaralara beslenýän watandaşlarymyzyň kalbynyň senasy bolup ýaňlandy.

Dabara gatnaşyjylar konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrülen «Ömrüň uzak bolsun, Arkadagly Serdarymyz!» atly watançylyk aýdymyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Soňky habarlar
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşýar
08.10
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
08.10
Вышел в свет очередной номер журнала «Аркадаглы яшлар»
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady
07.10
Çopanow N.Ö. hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
07.10
N.P.Handurdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
07.10
Döretmek we gurmak — döwletiň hem jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şerti
07.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
07.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 395 müň dollaryndan gowrak boldy
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow