Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Çap edildi 20.09.2024
1096

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp: “Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys” diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 736 raýatyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekýändigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, iş toparlarynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň dürli ugurlarynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine gönükdirilen işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Mejlisde geçirilen duşuşyklar barada aýdyldy. Hususan-da, Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de bu ýurduň Döwlet departamentiniň ýörite geňeşçisi, Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyklar geçirildi. Mejlisiň wekilleri BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň wekilhanalarynyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran iş maslahatlaryna gatnaşdylar. Deputatlar Merkezi Aziýa döwletleriniň ikinji parlamentara forumyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde iş saparynda boldular.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Mundan başga-da, deputatlar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, Halk Maslahatynyň döredilmeginiň hem-de onuň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň hukuk binýadyny we ykdysady esaslaryny berkitmäge ýardam berýän kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, Halk Maslahatynyň mejlisine, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygy bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän onkologiýa hassahanalary bilen bagly meseleler barada hasabat berdi. Hususan-da, olary gurmagyň taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça geçirilen degişli işleriň netijeleri barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga we berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň gurluşygyny yzygiderli dowam etdirmek zerurdyr. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan çykarylýan uglewodorod serişdeleriniň möçberini artdyrmak, ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, gaz känlerinde gözleg-barlag, baha beriş-ulanyş guýularyny burawlamak boýunça bilelikde işlenip düzülen degişli meýilnamanyň esasynda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň çäklerindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işleri meýilleşdirildi. Şonuň esasynda Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän meýdançalaryň birinde geçirilen buraw işleriniň netijesinde, senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy. Munuň özi çykarylýan mawy ýangyjyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna nebitiň, tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Bu ugurda türkmen geologlary tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze açylan gaz ýatagyny özleşdirmek üçin ähli zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny aýtdy we wise-premýere ýurdumyzyň çägindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler Diýarymyzda bugdaý ekişini bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary öndürijilikli işletmek, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Gowaça meýdanlarynda pagta ýygymy dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, pagta kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, möwsümde ulanylýan tehnikalary netijeli işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak üçin ýerine ýetirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişini bellenen möhletlerde, talabalaýyk alyp barmagyň, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň, gallaçy daýhanlarymyzyň ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere pagta ýygymy möwsümini ýokary depginde dowam etdirmegi, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ösdürip ýetişdirmekde-de netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistany senagat taýdan ösen ýurtlaryň birine öwürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürýän döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Iri gurluşyklary, ykdysadyýetiň pudaklaryny, ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda demir garyndylaryna bolan islegleriň artýandygy bilen baglylykda, häzirki wagtda bu önümi öndürýän zawody gurmak mümkinçiligi öwrenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna zawodyň gurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmekde, ýerli çig-mal serişdelerimizi rejeli we netijeli peýdalanmakda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz demir garyndylaryny öndürýän zawodyň gurluşyk taslamasy üçin tehniki-ykdysady esaslandyrmany işläp taýýarlamak baradaky teklibi goldady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew eksportyň we ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, eksport-import harytlarynyň dünýä bazarlaryndaky bahalaryny seljermegiň halkara maglumat ulgamlaryny ulanmak arkaly birža söwdasyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, eksportyň möçberini we ugurlaryny giňeltmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere eksport we import edilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçilik etmek bilen bagly degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Ýaşulularyň halkara güni, Hatyra güni, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dürli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlener.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum, Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwaly we beýleki çäreler guralar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar we şanly seneler bilen bagly oktýabr aýynda guraljak esasy çärelere, şol sanda Ýaşulularyň halkara güni, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Olimpiýa hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen türgenlerini dünýä derejesindäki ýaryşlara häzirden taýýarlamak we olaryň ussatlygyny kämilleşdirmek, ýokary netijeleri gazanmaklary üçin zerur şertleri döretmek boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti guramaçylyk toparyny döretmegi, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sport toplumynda sportuň görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik sapaklaryny hem-de ýygnanyşyklary guramagy teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty halkara derejede ösdürmegiň, iri sport ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türgenlerimiziň 2028-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmekleri üçin häzirden zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hem-de ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek meseleleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ynsanperwer ulgam döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli kanunçylygymyz we halkara kadalar esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak hem kepillendirmek üçin yzygiderli işler geçirilýär. Şol işleriň netijesinde, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde bosgunlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 30 müň 998 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de häzirki wagta çenli 5 müň 18 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Bu ynsanperwer häsiýetli çözgütler Türkmenistanyň köptaraplaýyn halkara resminamalary, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda we Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalaryny üstünlikli berjaý edýändigini aýdyň görkezýär.

Dünýä bileleşigini bu ugurda ýurdumyzyň toplan oňyn tejribesi bilen tanyşdyrmak üçin geçirilmegi meýilleşdirilýän raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ýokary derejeli sebitleýin maslahatyň ähmiýeti has-da artýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyndan hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky ileri tutýan garaýyşlaryndan ugur alyp, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde bu forumy şu ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, döwletimiziň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 1 müň 146 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Raýatlyk almak üçin hödürlenilýän adamlar 29 milletiň wekilleridir. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryna ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 134 adamyň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Olar 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleridir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, şeýle hem ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalarynyň berilmegi bilen bagly resminamalaryň taslamasy hödürlenildi.

Pasportlary we degişli resminamalary gowşurmak dabarasyny ýakyn günlerde Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen, ýurdumyzda bu ugurda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we 1 müň 146 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana hem-de 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew halkara awtomobil gatnawlary, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak, awtoulag serişdeleri arkaly ýükleri daşamak babatda hyzmatlary giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ozal gazanylan hökümetara ylalaşyklar esasynda ulag, sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak ulgamynda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň özi ulag amallaryny çaltlandyrmakda, ulag ulgamynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin amatly şertleri döretmekde aýratyn orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýük daşamalary kadalaşdyrmak üçin sanly ulgama geçmek boýunça daşary ýurt tejribesini öwrenmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara awtoulag gatnawlary hakynda ýurdumyzyň baglaşan hökümetara ylalaşyklary esasynda ulag babatda hyzmatdaşlygyň giňden ösdürilýändigini aýtdy. Bu ugurda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň mundan beýläk-de dünýä ulag ulgamyna goşulyşmagy boýunça işleri dowam etdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, geljek hepdede Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň oktýabr aýynda hem dabaraly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy. Foruma gatnaşmak üçin ýokary derejeli myhmanlaryň gelmegine garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda degişli guramaçylyk işleriniň ýola goýulmagynyň möhüm bolup durýandygyny nygtap, halkara forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Buýruga gol çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow