Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikinji “Merkezi Aziýa — Germaniýa” sammitine gatnaşdy
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikinji “Merkezi Aziýa — Germaniýa” sammitine gatnaşdy
Çap edildi 17.09.2024
742

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Astanada geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, netijeli halkara dialoga ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi ählumumy ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge, umumy bähbitlere laýyklykda, özara ynanyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýär. Türkmen tarapynyň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşmagy hem munuň nobatdaky güwäsidir. Duşuşygyň gün tertibi häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň ençemesini öz içine alýar.

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Germaniýanyň Federal Kansleriniň 2023-nji ýylyň sentýabrynda Berlinde geçirilen birinji sammiti “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýakyn gatnaşyklaryň başyny başlady. Şol duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlary parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Netijeli türkmen-german hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şol taryhy duşuşyga gatnaşyp, Türkmenistanyň täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjyny goldaýandygyny hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Germaniýanyň iri kompaniýalary bilen oňyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, yzygiderli geçirilýän işewürlik duşuşyklary we maslahatlary, bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň netijeli işi we beýlekiler munuň aýdyň mysalydyr. Geljegi uly türkmen bazaryny ilkinjileriň hatarynda özleşdirip başlan GFR-iň dünýä belli kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna türkmen ykdysadyýetini pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. Saglygy goraýyş ulgamy döwletara hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlarynyň biri bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Uzak ýyllaryň dowamynda bu durmuş ähmiýetli ulgama ýolbaşçylyk eden Gahryman Arkadagymyz ilkibaşdan deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralan köpýyllyk türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasyny goýdy.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanda häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleri, keselleriň öňüni alyş we bejeriş edaralary guruldy. Olarda ornaşdyrylan döwrebap enjamlaryň aglaba bölegi bu ulgamda dünýäde öňdebaryjy ýurt hasaplanýan GFR-de öndürilendir. Şeýle hem saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumy üstünlikli hereket edýär. Derman senagaty, ylmy işgärleri we ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, telemedisina ýaly möhüm ugurlarda germaniýaly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy. Telemedisinanyň giň mümkinçiliklere eýe bolmagy bilen, öňdebaryjy usullary öwrenmek, dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça dünýäniň öňdebaryjy hünärmenleri bilen tejribe alyşmak babatda täze mümkinçilikler açyldy. Şu geçen ýyllaryň dowamynda döwletara gatnaşyklar işjeň ösdürilýär we täze ugurlary öz içine alýar. Ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, şol sanda “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatynda geçirilýän ýokary derejeli duşuşyklar hem muňa ýardam edýär.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýanyň Federal Kansleri bilen ikinji duşuşygynyň hem GFR-iň we sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky däp bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna täze, kuwwatly itergi berjekdigi, geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça anyk wezipeleri kesgitlejekdigi, parahatçylygy, durnuklylygy, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmäge ýardam etjekdigi şübhesizdir.

...Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Gazagystan Respublikasynyň paýtagtyna çenli uçuşy amala aşyryp, Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde “Merkezi Aziýa — Germaniýa” sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy.

Belent mertebeli türkmen myhmanyny Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Howa menzilinden hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän ýerine — “Garaşsyzlyk” köşgüne tarap ugrady.

Köşgüň eýwanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli mübärekledi. “Merkezi Aziýa — Germaniýa” duşuşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, wekiliýetleriň Baştutanlary mejlisler zalyna çagyryldy.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammitiň işine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, sebit kooperasiýasyna gatnaşýandygy we goldawy üçin hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki dialogyň yzygiderli, ynanyşmak häsiýetine Merkezi Aziýa döwletleriniň we Germaniýanyň sebitleýin strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanma bildirýändikleri hem-de ymtylýandyklary hökmünde baha berilýär. Bu duşuşygymyz bilelikdäki işimiziň jemlerini jemlemek bilen çäklenmän, eýsem, kooperasiýany mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň täze ýollaryny kesgitlemäge hem gönükdirilendir. Biziň netijeli pikir alyşmalarymyzyň anyk çözgütlere getirjekdigine ynanýaryn. Şol çözgütler bolsa ýurtlarymyzyň ählisine peýda getirer diýip, Gazagystanyň Lideri aýtdy we GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şolsa, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, ilki bilen, Gazagystanyň Prezidentine myhmansöýerlik we işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şu günki duşuşyk gatnaşyjylaryň ählisiniň gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyna düşünýändigine, oňa hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny bermäge taýýardygyna, hyzmatdaşlygyň berk gurallarynyň ýakynlaşdyrylmagyna çalyşýandygyna şaýatlyk edýän wajyp ähmiýetli waka bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we sammitiň netijeleriniň biziň gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi gazanmakda, anyk ylalaşyklara çykmakda täze, möhüm tapgyry alamatlandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleri bilen Germaniýanyň gatnaşyklarynyň barşyny we many-mazmunyny häsiýetlendirip, olaryň, aýratyn-da, soňky ýyllarda yzygiderli, netijeli häsiýete eýedigini belläp, hyzmatdaşlygyň tejribesiniň we däpleriniň toplanandygyny, esasan-da, işewürlik ugry boýunça özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny, birnäçe ugurlar boýunça hökümetara gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň gazanylmagyny we üpjün edilmegini bilelikdäki işimiziň möhüm wezipeleri hasaplaýar.

Biz häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň arasyndaky has ýakyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar sebitdäki we oňa goňşy zolaklardaky umumy ýagdaýa oňyn täsir edip biler diýip hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň Merkezi Aziýany parahat, asuda, ykdysady taýdan özüne çekiji sebit, durnuklylygyň we açyklygyň giňişligi hökmünde görmek baradaky meýilleriniň umumylygyndan ugur alyp, tagallalary dünýä bileleşigi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy arkaly birleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Bitarap, parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistan üçin şeýle çemeleşme möhüm ähmiýete eýedir. Biz şu maksatlara ýetmäge, şol sanda häzirki formatda oňa hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunda halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetýaka jenaýatçylyga garşy göreşmek ýaly meselelere aýratyn ünsi çekmek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Germaniýanyň diplomatik gatnaşyklarynyň güýçlendirilmeginiň maksadalaýyk hasaplanýandygyny belledi.

Halkara derejede, ilkinji nobatda, BMG-niň we onuň degişli edaralarynyň çäklerinde bu ugurlar boýunça işiň anyk ýollarynyň bilelikde kesgitlenilmegi oýlanyşykly hem peýdaly bolar.

Hormatly Prezidentimiz sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň möhüm meseleleriniň biri bolan Owganystandaky ýagdaýa degip geçmek bilen, Türkmenistanyň bu ýurtdaky ýagdaýa berýän bahasynyň häzirki wagtda owgan halkynyň agyr we köpýyllyk döwri ýeňip geçmek hem-de ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň döwlet institutlaryny dikeltmek, sebitde parahatçylygy, ylalaşyklylygy, bitewüligi gazanmak we berkarar etmek boýunça umumymilli işe geçmek üçin anyk mümkinçiliginiň peýda bolandygyna esaslanýandygyny aýtdy.

Ykdysadyýet Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu ulgam, bir tarapdan, sebitiň ýurtlarynda german işewürliginiň berk we durnukly ornuny, beýleki bir tarapdan bolsa, Merkezi Aziýanyň dünýä ykdysadyýetine, maýa goýum işlerine, şol sanda german kompaniýalary bilen gatnaşyklar arkaly oňa çalt we netijeli goşulyşmagyny üpjün etmek arkaly biziň gatnaşyklarymyzyň esasy ugry bolmaga ukyplydyr. Biziň formatymyzdaky ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygy oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýär hem-de ony ösdürmek we giňeltmek üçin oňat mümkinçilikler bar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de ulag-logistikany, kommunikasiýany, energetikany, senagat önümçiligini, himiýa senagatyny, maşyngurluşygy, saglygy goraýşy we derman senagatyny, obasenagat toplumyny, innowasion tehnologiýalar ulgamyndaky işläp taýýarlamalary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň uly geljegi bar. Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, onuň giň hem-de köpdürli tebigy serişdeleri, demografik mümkinçilikleri Germaniýanyň senagat we tehnologik derejesi, tejribesi, halkara işewürlik ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen birlikde, biziň ýurtlarymyz üçin bilelikde işlemek babatda uly mümkinçilikleri açýar.

Bellenilişi ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen gatnaşyklarda ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler aýratyn orun eýeleýär. Bu babatda Türkmenistan Germaniýanyň eýeleýän ornuna, onuň sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna, degişli taslamalarydyr maksatnamalary ilerletmekde işjeň orny eýeleýändigine ýokary baha berýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylda Berlinde ýokary derejede geçirilen “Ýaşyl” Merkezi Aziýa” atly maslahatyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol maslahatda möhüm meselelere gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy we bilelikdäki wezipeler kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz “ýaşyl” mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi, ony biziň formatymyzyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemegi hem-de eýýäm ýakyn geljek üçin gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar hemişe döwletara hyzmatdaşlyga oňyn täsir edipdir. Hormatly Prezidentimiziň pikirine görä, häzirki wagtda olar aýratyn zerur bolup durýar we biziň ýurtlarymyzyň raýatlarynyň isleglerine, bähbitlerine laýyk gelmek bilen, halklarymyzyň ýakynlaşmagyna we özara hormat goýmagyna ýardam edýär. Şoňa görä-de, bu ulgam hem zerur bolan döwlet goldawyny almalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de höweslendirmegiň, giň ugurlar boýunça bilelikdäki çäreleriň meýilnamalarynydyr maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigi bellenildi.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentine şu duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň bu formatyň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýetilen derejesine ýokary baha berip, umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn formatynyň örän zerurdygyny aýratyn nygtadylar. Taraplar köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak üçin bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň wajypdygyny belläp, şu gün gazanylan ylalaşyklaryň Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýadyny has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary we GFR-iň Federal Kansleri Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen iş duşuşygyny geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar “ýaşyl” energetika, gaýtadan işleýän we himiýa senagaty, ulag-logistika, saglygy goraýyş, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly geljegi uly ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň işiniň netijeli häsiýete eýedigi aýratyn bellenildi. Bu komitet ykdysady we tehnologik innowasiýalar ulgamynda öňdebaryjylaryň biri bolup durýan Germaniýanyň hem-de köptaraply hyzmatdaşlyk üçin uly kuwwata, giň mümkinçiliklere eýe bolan, okgunly ösýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda möhüm baglanyşdyryjy merkez hökmünde çykyş edýär.

Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň çäklerinde Germaniýanyň Hökümetiniň Baştutany we meşhur nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.

Gazagystan Respublikasyna iş saparyny tamamlandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

Iki ýarym sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Soňky habarlar
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow