Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Çap edildi 17.09.2024
209

Şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow german işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Ýygnananlar GFR-iň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, şeýle ýokary derejedäki gyzyklanmanyň köpýyllyk bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi, döwletimizde daşary ýurtly işewürler üçin döredilýän amatly mümkinçilikler bilen şertlendirilendigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we resmi wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, häzirki wagtda Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şu günki duşuşyga köp sanly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşýandygy hem munuň şeýledigini tassyklaýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň işewür toparlary, iri kompaniýalary we bank ulgamy birnäçe ýyllardan bäri özara bähbitli gatnaşyklary saklap gelýär. Şu geçen döwürde baý tejribe toplandy we durnukly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Söwda, ykdysadyýet, maýa goýumlar babatda, bilelikdäki önümçilik we üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmekde has ýokary görkezijileri gazanyp biljekdigimizi bellemek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl Berlinde geçirilen Türkmen-german işewürlik maslahatynyň bu meselede möhüm ugurlary kesgitländigini nygtady we şundan ugur alyp, gatnaşyklary anyk şertlerde dowam etdirmegi hem-de ösdürmegi teklip etdi.

Ulag-aragatnaşyk pudagy boýunça Türkmenistanda üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryna gatnaşmaga Germaniýanyň işewürleri uly ähmiýet berýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hazar deňzindäki port desgalaryny german işewürliginiň bähbidine hem ulanmagyň mümkinçiliklerine garamaga taýýardygy bellenildi. Hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda göteriji enjamlar üçin «Liebherr» kompaniýasynyň hyzmat merkezini döretmek teklip edildi. Munuň özi ýük göterijilere we enjamlara tehniki taýdan hyzmat etmek boýunça port hünärmenlerini taýýarlamakda möhümdir. Şeýle hem türkmen tarapy Türkmenistanyň demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyga gyzyklanmasyny beýan etdi. «Deutsche Bahn» kompaniýasynyň muňa gyzyklanma bildirýändigini nazara alyp, ýurdumyzyň bu meseläni ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy aýdyldy.

Himiýa senagaty geljegi uly bolan pudakdyr. Häzirki wagtda mineral dökünleri öndürmek üçin Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny ösdürmegiň taslamasy boýunça german tarapy bilen gepleşikler alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu toplumy ösdürmek we doly güýjünde işletmek üçin «ERCOSPLAN», «K-UTEC», «Schachtbau» german kompaniýalarynyň üçüsiniň konsorsiumyny döretmek baradaky teklip beýan edildi. Gyýanlydaky polimer zawodyny ösdürmek möhüm taslamalaryň ýene biridir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we «MAN Energy Solutions» kompaniýasynyň bu kärhanada oturdylan zyňyndy gaz ulgamlaryny abatlamak işlerine german hünärmenlerini çekmek mümkinçiligine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň çäginde ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi bilen Germaniýanyň «Trützschler Group SE» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini ýatladyp, bu resminama esasynda özara hyzmatdaşlygyň anyk şertlerini ara alyp maslahatlaşmagyň zerur bolup durýandygyny nygtady. Kommunikasiýa pudagynda-da hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary kesgitlenildi. «LS telcom AG», «Heidelberger Druckmaschinen AG», «Nokia Solutions and Networks GmbH Co.» kompaniýalary bilen birnäçe Ähtnama gol çekildi.

Suw hojalygy boýunça Türkmenistanda suw üpjünçilik we suw paýlaýjy ulgamy döwrebaplaşdyrmak barada «Higgins», «PSE Engineering» we beýleki german kompaniýalarynyň konsorsiumynyň tekliplerini durmuşa geçirmek hem zerurdyr. Hususan-da, Garagum derýasynyň durkuny täzelemegiň taslamasy teklip edilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

German kompaniýalary Türkmenistanda «ýaşyl» ykdysadyýet taslamalaryny amala aşyrmaga-da çagyryldy. Bu ugurda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, parnik gazynyň zyňyndylaryny azaltmak taslamalaryny durmuşa geçirmek möhüm wezipe bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyzda şäher düzümleriniň işini döwrebaplaşdyrmakda, innowasion dolandyryş usullaryny ornaşdyrmakda german kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy goldaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýaş hünärmenleri taýýarlamakda özara tejribe alşylmagyny yzygiderli ösdürmegiň wajypdygyny belläp, oba hojalygynda okuw merkezleriniň döredilmegini muňa mysal hökmünde görkezdi.

Türkmenistanda Germaniýa hödürläp boljak teklipler bar. Olar himiýa senagatynyň we dokma senagatynyň, oba hojalyk pudagynyň önümleri we ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply beýleki harytlardyr. Işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek bilen, söwda öýlerini döretmegi, german bazarynyň bölümleriniň açylmagyny goldaýarys. Germaniýanyň hususy we döwlet edaralaryndan şeýle meýilnamalara goldaw berilmegine garaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu meseleleri şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Berlinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisiniň gün tertibine girizmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz, umuman, söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen tarapynyň Germaniýa bilen bilelikdäki işlere gyzyklanma bildirýändigini we oňa hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Soňra GFR-iň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän goldawy we jogapkärli çemeleşmesi üçin hoşallyk bildirdiler hem-de Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň, daşary ýurtly işewürler üçin berilýän ýeňillikleriň ähli ugurlar boýunça bilelikde üstünlikli işlemek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny bellediler. Şunda taraplar ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli ykdysady özgertmeleri, okgunly ösýän milli ykdysadyýetiň isleglerini nazara almak bilen, ykdysady gatnaşyklaryň täze derejesi barada aýdyp, onuň ýokary tehnologiýaly we innowasion häsiýete eýe bolmalydygyny nygtadylar.

Uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we GFR-iň işewür toparlarynyň wekilleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler hem-de şu gün gazanylan ylalaşyklaryň, beýan edilen teklipleriň eýýäm ýakyn wagtda durmuşa geçiriljekdigine, olaryň däp bolan türkmen-german dialogyny özara bähbitlere laýyk gelýän ýokary derejä çykarmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
19.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
19.09
Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
17.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikinji “Merkezi Aziýa — Germaniýa” sammitine gatnaşdy
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşykdaky çykyşy
17.09
Türkmenistan Germaniýanyň ekologiýa we howa bilen bagly meseleleri babatynda eýeleýän ornuna ýokary baha berýär
17.09
Hormatly Prezidentimiz: Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň uly geljegi bar
17.09
Aşgabat Owganystany parahat ýurda we gymmatly ykdysady hyzmatdaş döwlete öwürmäge ýardam bermäge çagyrdy
17.09
Döwlet Baştutanymyz: Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny we Germaniýanyň arasyndaky has ysnyşykly syýasat we diplomatik gatnaşyklar sebitdäki we oňa goňşy zolaklardaky umumy ýagdaýa oňyn täsir edip biler
17.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikinji «Merkezi Aziýa – Germaniýa» Sammitine gatnaşýar
17.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýanyň Federal Kansleri bilen duşuşygy
top-arrow