Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikinji «Merkezi Aziýa – Germaniýa» Sammitine gatnaşýar
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikinji «Merkezi Aziýa – Germaniýa» Sammitine gatnaşýar
Çap edildi 17.09.2024
260

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşýar. 

Bitarap Türkmenistan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, netijeli halkara dialoga ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi ählumumy ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge hem-de ählumumy bähbitlere laýyklykda özara ynanyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýär. 

Türkmen tarapynyň ýokary derejeli «Merkezi Aziýa-Germaniýa» köptaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr. Duşuşygyň gün tertibi häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň ençemesini öz içine alýar. 

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýanyň Federal Kansleriniň 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Berlinde geçirilen «5+1» formatdaky birinji Sammiti şu formatdaky ysnyşykly gatnaşyklaryň başyny başlady. Şol duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlary parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. 

Netijeli türkmen-german hyzmatdaşlygynyň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şol taryhy duşuşyga gatnaşyp, Türkmenistanyň täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjyny goldaýandygyny hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny nygtady. 

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Germaniýanyň iri kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, yzygiderli geçirilýän işewürlik duşuşyklary we işewürleriň forumy, Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň netijeli işi we beýlekiler munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Ýokary derejeli mejlisiň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz birnäçe duşuşyklary geçirdi, şol sanda Germaniýanyň Hökümetiniň Baştutany we meşhur nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. 

«Merkezi Aziýa – Germaniýa» duşuşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra wekiliýetleriň Baştutanlary mejlisler zalyna çagyryldy. 

Gazagystan Respublikasynyň Baştutanynyň başlyklyk etmeginde geçirilen Sammitiň işine Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolts, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýarlar.

Soňky habarlar
19.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
19.09
Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
17.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikinji “Merkezi Aziýa — Germaniýa” sammitine gatnaşdy
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşykdaky çykyşy
17.09
Türkmenistan Germaniýanyň ekologiýa we howa bilen bagly meseleleri babatynda eýeleýän ornuna ýokary baha berýär
17.09
Hormatly Prezidentimiz: Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň uly geljegi bar
17.09
Aşgabat Owganystany parahat ýurda we gymmatly ykdysady hyzmatdaş döwlete öwürmäge ýardam bermäge çagyrdy
17.09
Döwlet Baştutanymyz: Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny we Germaniýanyň arasyndaky has ysnyşykly syýasat we diplomatik gatnaşyklar sebitdäki we oňa goňşy zolaklardaky umumy ýagdaýa oňyn täsir edip biler
17.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikinji «Merkezi Aziýa – Germaniýa» Sammitine gatnaşýar
17.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýanyň Federal Kansleri bilen duşuşygy
top-arrow