Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi
Syýasy habarlar
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi
Çap edildi 16.09.2024
2548

Şu gün Daşary işler ministrliginde maýa goýum forumynyň hem-de Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk desgalaryny işe girizmek, düýbüni tutmak dabaralarynyň netijeleri boýunça brifing görnüşli halkara amaly maslahat geçirildi. Oňa ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda geçirilen maýa goýum forumynyň giň wekilçilikli düzümi we onuň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar hem munuň aýdyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda hem-de döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly ak pata bermegi bilen, Türkmenistanyň we Owganystanyň serhedinde energetika, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa desgalarynyň işe girizilmegi, şeýle-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaralar ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün edilýär, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrýar.

10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen maýa goýum forumy ygtybarly we uly ykdysady kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny nobatdaky gezek açyp görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, onuň dünýä jemgyýetçiligini, hususan-da, halkara maýa düzümlerini ýurdumyzyň maýa goýum, ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdaky ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem forum Diýarymyzda maýa goýumlary çekmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň hem Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa desgalarynyň işe girizilmegi we düýbüniň tutulmagy döwletimiziň ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmekdäki mümkinçiliklerini bütin dünýä subut etdi. Bu möhüm ähmiýetli taslamalar diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine hem oňyn täsir eder.

Türkmen-owgan gatnaşyklary özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine daýanýar. Munuň özi bilelikdäki giň möçberli taslamalaryň, hususan-da, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ugurlaryndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde aýdyň beýanyny tapýar. Bellenilişi ýaly, iri taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we demir ýol ulgamlary aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň diňe iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine däl, sebitdäki beýleki goňşy döwletleriň we halklaryň durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşmegine hem goşant boljakdygy nygtaldy.

Türkmenistan halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli, öňdengörüjilikli çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen umumy tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunda energetika howpsuzlygynyň döwrebap ulgamynyň döredilmegi aýrylmaz şert bolup çykyş edýär. Türkmenistan bu döredijilikli ýola yzygiderli eýerip, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, döwletleriň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli işleri durmuşa geçirýär.

Şeýlelikde, şu gezekki brifing Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan oňyn özgertmeleriniň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigini we rowaçlyklara beslenýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi.

Soňky habarlar
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
14.08
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
14.08
Ruhy däpleriň dowamaty
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
13.08
Ylym we tehnologiýalar — ýurdumyzyň rowaçlygynyň kepili
13.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
13.08
«Arkadag» topary täze ýeňişleri nazarlaýar
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
top-arrow